Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Koreý hepdeliginiň» açylyş dabarasy boldy, ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy. Bu çäre indi däbe öwrülip, iki ýurduň halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge, öz medeniýetleriniň täze sepgitlerini açmaga çalyşýandygyny aňladýar. Häzirki wagtda türkmen-koreý gatnaşyklary täze döwri başdan geçirýär. Ýokary derejede, hökümetara we pudagara derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar dostlukly ýurtlaryň köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge tarap saýlap alan ugruna ygrarly bolup galýandygyny görkezýär. Şol duşuşyklaryň her biri ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalara öwrülýär. Elbetde, baý däpleri bolan hem-de milletiň ösüşinde ruhy gymmatlyklaryň ornuna düýpli düşünilmegine esaslanýan hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Munuň şeýledigine bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem syýahatçylyk we sport ugurlary boýunça ýylsaýyn giňelýän gatnaşyklar şaýatlyk edýär. Şunda Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasyna uly ähmiýet berilýär. Ol ähmiýetli medeni çäreleriň — sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän festiwallaryň, konsertleriň, sergileriň, döredijilik wekiliýetlerini alyşmagyň guraýjysy bolup çykyş edýär. Şu ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleriniň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň hatarynda medeniýet we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ylalaşyk hem bar. Taraplar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda Patyşa Sejong institutynyň gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwrenýän okuw merkezini açmak hakynda ylalaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň degişli ministrliklerine ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Milli Liderimiz medeni gatnaşyklaryň ösmegine özara gyzyklanmany nazara almak bilen, 2020-nji ýylda Aşgabatda medeniýet we sungat işgärleriniň türkmen-koreý forumyny geçirmek hakynda başlangyjy öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, sport we syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýakyn wagtda Türkmenistanda Koreýa Respublikasy bilen syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň koreý diline terjime edilmegi biziň ýurdumyzyň ösüşine gyzyklanmanyň uludygyna şaýatlyk edýär. Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby koreý dilinde neşir edildi. Bu kitabyň çap edilmegi ýylsaýyn berkeýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, milli Liderimiziň köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde bitiren uly hyzmatlarynyň ykrar edilmegini aňlatdy. Türkmenistanda koreý diline hem-de koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine uly sarpa bilen garalýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri, koreý dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Şu hepdäniň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýanynda Patyşa Sejong adyndaky Koreý okuw merkezinde koreý diliniň agşamky okuwlarynyň açylmagy dostlukly ýurduň dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň uludygyny tassyklady. Biziň dostlukly ýurtlarymyzda iki halkyň sungatlary bilen tanyşdyrýan Medeniýet günleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri, koreý kinolarynyň görkezilişi, sergiler, festiwallar, ylmy maslahatlar we ynsanperwer häsiýetli bilelikdäki beýleki çäreler üstünlikli geçirilýär. Olar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň sungatlary, däpleri öwrenmäge ygrarlydygyny we dünýägaraýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýär. Şeýlelikde, geçen ýylyň sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde geçirilen «Koreý hepdeliginiň» çäklerinde «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti we oňa häzirki döwürde baha bermek» atly maslahat, koreý aşhanasynyň festiwallary, şeýle hem koreý kinematografiýasynyň önümleriniň görkezilişi, gadymy koreý tansy bilen tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň milli medeniýeti we sungaty bilen, öz nobatynda, şu ýylyň martynda Seulda, «Merkezi Aziýanyň bahar festiwalynyň» çäklerinde guralan sergide tanyşdyryldy. Koreýanyň halkara alyşmalar gaznasy tarapyndan guralan bu festiwal Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara baýramçylyk diýlip yglan edilmeginiň on ýyllygyna bagyşlandy. Bu gün Aşgabat «Koreý hepdeligine» gatnaşyjylary ýene-de mähirli garşylaýar. Bu çäräni geçirmek üçin Aşgabada Koreýanyň milli sport uniwersitetiniň, şeýle hem Gazagystan Respublikasyndan Koreý medeni merkeziniň alym-bilermenlerinden, wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet geldi. Bu çäräniň açylyş dabarasynda parahatçylygy hem-de dostlugy, iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda we özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde medeni alyşmalaryň, ruhy gymmatlyklaryň we döredijilik mirasynyň derwaýyslygy bellenildi. Çärä gatnaşyjylar iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna türkmen we koreý halklarynyň gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen çäreleri guramak mümkinçiligi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Soňra gadymy hanbok koreý milli lybaslarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Dürli hanboklar, şol sanda gündelik we toýlara geýilýän lybaslar görkezildi. Bu çäre köp sanly tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ýeri gelende aýtsak, «Koreý hepdeliginiň» çäklerinde «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde bu ýere gelenlere amaly-haşam sungatynyň çeperçilik nusgalaryny diňe synlamaga däl-de, eýsem, milli koreý lybaslaryny geýip görmäge we olar bilen surata düşmäge mümkinçilik döredildi. «Beýik pursat» (2008) kinofilmine tomaşa etmegiň barşynda tomaşaçylar koreý kinolarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bu filmde 2004-nji ýylda Afinyda geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň jemleýji gandbol oýny hakynda gürrüň berilýär. Şonda Koreýa Respublikasynyň zenanlar ýygyndy topary çekeleşikli oýunda ikinji orny eýeleýär. Sport — türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň däbe öwrülen ugurlarynyň biri. Söweş sungatlary uly meşhurlyga eýe bolup, olaryň hatarynda koreý milli göreşi — taekwondo aýratyn orun eýeleýär. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 5-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçiriljek görkezme çykyşlarynyň barşynda oňa baha berip bilerler. Hepdeligiň jemleýji güni — 6-njy sentýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryna bagyşlanan okuw maslahaty guralar. Medeni çäräniň maksatnamasy koreý aşhanasynyň milli tagamlary bilen tanyşdyryş çäresini hem öz içine alýar. Tagamlaryň sergisi «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.