Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 30.05.2019
830

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz we Bolgariýanyň Hökümetiniň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşini, özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri özara gatnaşyklaryň, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, olary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylyň awgust aýynda Boýko Borisowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde iki döwletiň arasyndaky doly möçberli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin pugta binýady emele getiren netijeli häsiýete eýe bolan gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklary ilerletmegiň meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasy bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukukly we ösüşi nazarlaýan esasda ýola goýulýan özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen netijeli halkara gatnaşyklara goldaw berýändigi we olara awtordaş bolup çykyş edýändigi üçin bolgar tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Bolgariýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlarda özara peýdaly tagallalary utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Energetika we ulag pudaklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Gurluşyk, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudak, dürli enjamlaryň önümçiligi, şol sanda ulag, elektrik, tehnologiýa, derman senagaty, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýanyň Premýer-ministrini hem-de dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna we şu mynasybetli guraljak täzeçil tehnologiýalar sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Söhbetdeşler turuwbaşdan birek-birege hormat goýmak we deňhukukly esasda ýola goýulýan türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşine ýokary baha berip, dürli ugurlarda iki döwletiň gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn şertleri döretmek arkaly, hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegine taýýardyklaryny tassykladylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Bolgariýanyň halklaryna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edildi. Telefon arkaly söhbetdeşlik bolgar tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow