Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Çap edildi 30.05.2019
978

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Ismail ogly Mamedowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we ösüşiň ýolunda uly üstünlik gazanmak barada Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan mähirli sözlerini hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmäge gyzyklanmalar esasynda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu hyzmatdaşlyk türkmen we azerbaýjan halklarynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk däplerine, umumy ruhy medeni gymmatlyklara daýanýar hem-de halkara gatnaşyklar babatda parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydyr. Duşuşygyň dowamynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça deňhukukly, ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini belläp, ýurdumyzyň oňyn netijeleri gazanmak ugrunda özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda, ykdysadyýet, energetika we beýleki ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň nebitiň hem-de gazyň baý gorlaryna eýedigi, munuň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryna energiýa serişdelerini uzak möhletleýin esasda ugratmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi. Iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça baglanyşmagy Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirýän “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagy ugrunda tagallalaryň utgaşdyrylmagy üçin zerur şertleri üpjün edýär. Şunda Türkmenistan we Azerbaýjan ýük daşamagyň gysga ugry boýunça ykdysady taýdan amatly ýagdaýa eýedir. Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary şeýle-de bilim, ylym, medeniýet we sport hem-de syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, iki ýurduň doganlyk halklarynyň arasynda dostluk, ynanyşmak we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna kömek edýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri döwletara gatnaşyklaryň oňyn hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow hem gatnaşdy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow