Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
Çap edildi 30.05.2019
977

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň wise-premýer-ministri Mger Grigorýany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň iberen mähirli sözlerini ýetirdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk meselelerine bolan oýlanyşykly we deňeçer çemeleşmelerine hem-de öňe sürýän sebit we dünýä ähmiýetli işjeň başlangyçlaryna ýokary baha berilýär. Ermenistanyň Prezidenti milli Liderimize BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň wise-premýeri Ermenistanyň Türkmenistan bilen GDA-nyň çäklerinde ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine we dostlukly ýurduň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlisiniň Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň has wajyp ugurlaryny kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň barşynda, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda deňhukukly hem-de birek-birege ynanyşmak arkaly ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýän Türkmenistanyň ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýa ugurlarynda, ylym, bilim, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, GDA-nyň çäklerinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmakda bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny esasy ugur edinýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkalaşyga agza ýurtlaryň hemmesiniň netijeli hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi. Şu ýylyň awgustynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyň çärelerine, şeýle hem oňa gabatlanyp geçirilýän sergä Ermenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem şu işe gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak hem-de netijeli häsiýete eýedigini belläp, hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini aýtdy. Şunda hyzmatdaşlygy täze, iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň kuwwatyny has doly durmuşa geçirmegi ugur edinýän derejä çykarmak üçin zerur şertleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Ermenistanyň hökümetleriniň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri nazara almak bilen, geljekki meýilnamalaryň ugurlary kesgitlenildi. Ermenistanyň wise-premýeri özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly serişdeleriň bardygyny belläp, Türkmenistan bilen birnäçe ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika toplumy we ulag-üstaşyr geçelgeler boýunça gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi. Syýahatçylygy ösdürmek boýunça ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Munuň özi medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginde ähmiýetlidir. Sanlaşdyrmak ulgamy hem-de onuň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki ähmiýeti hakynda pikir alyşmalar boldy. Ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ählumumy, sebitleýin we milli derejelerde bu meseleleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak wezipelerine üns berildi. Umumy bähbitleriň örän köpdügi we olaryň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň işiniň gün tertibinde öz beýanyny tapmalydygy bellenildi we toparyň agzalaryna bu babatda degişli tabşyryklar berildi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ermenistan Respublikasynyň wise-premýer-ministri özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Badalýan hem gatnaşdy.

Soňky habarlar
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­si­ne gat­naş­dy
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
top-arrow