Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 29.05.2019
1033

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Şu ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Men bu taryhy waka bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu çözgüdi goldap, ýurdumyz bilen bir hatarda dünýäniň 21 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Pursatdan peýdalanyp, bu resminamanyň kabul edilmegine goşant goşan ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirýärin. Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Sebäbi durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe şu çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr. Bu Kararnama Milletler bileleşiginiň Araly halas etmegiň halkara gaznasyndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmek boýunça uly işleri alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Bitarap döwletimiziň halkara derejede öňe sürýän teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän bu waka ählumumy abadançylyga, parahatçylyga, ösüşe gönükdirilen türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir. Eziz watandaşlar! Türkmenistan Aralyň ýakasynda durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine işjeň ýardam edýär. Häzirki wagtda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlygy bolmak bilen, biziň ýurdumyz 2017-nji ýyldan başlap gaznanyň müdiriýetiniň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlislerini geçirdi. Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek etmek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň Konsepsiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasy ýaly resminamalar işlenip taýýarlanyldy. Geçen ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti hem geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Bu Kararnamada gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümlerine hem-de guramalaryna, ulgamlaýyn maksatnamalara we gaznalara, şeýle hem halkara maliýe edaralaryna halkara gazna bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikde pudagara maslahatlary we forumlary, yzygiderli geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistan milli hem-de sebit möçberinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça anyk ädimler ädýär. Ýurdumyzda giň möçberli bag ekmek maksatnamasy durmuşa geçirilýär, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy dowam edýär. Ýakynda bu kölüň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Biz Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň — giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna ak pata berdik. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň «Akýaýla» şor suw howdanynyň sebitinde guruljak desgalar we ekiljek baglar bu sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir eder. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda geljekde hem ähli tagallalary eder. Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Men sizi «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkara abraýynyň has-da artmagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow