Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 29.05.2019
1073

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. * * * Syýahatçylyk ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 13-nji iýulynda çykaran 7367-nji Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň konsullyk ýygymlaryny almagyň tertibi hakyndaky düzgünnama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlary üçin 10 gije-gündize çenli möhlet bilen bir gezeklik syýahatçylyk wizalarynyň resmileşdirilmegi üçin ýeňillikli ýygymyň möçberi bellenildi. Şeýle hem Ýaponiýanyň raýatlary görkezilen wizalar resmileşdirilende, konsullyk işleriniň gyssagly, işden daşary wagtda, dynç alyş we baýramçylyk günlerinde geçirilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan konsullyk ýygymlaryny we goşmaça konsullyk ýygymlaryny tölemekden boşadyldy. Resminama bilen, Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­si­ne gat­naş­dy
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
top-arrow