Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Çap edildi 26.05.2019
969

Müňýyllyklardan gözbaş alýan ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Halyçylyk pudagynyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde zähmetsöýer halyçy gelin-gyzlarymyzyň goşandy uludyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň haly tikinçisi Amandursun Niýazmämmedowna Gurbansähedowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Altyn Nurberdiýewna Ýolamanowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Tylla Annaorazowna Halnepesowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Körpe Ataýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň Ajyýap bölüminiň halyçysy Akmeňli Gandymowna Muhammedowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Şukurjan Rahimowna Atajanowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Reýimbaýewna Babekowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Gülruh Tirkeşowna Kakalakowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçysy Gunça Bazarowna Rejepowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Akgül Kerimgulyýewna Hallyýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Annajemal Mämetweliýewna Hudaýnazarowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň gözegçi ussasy Agabeg Weliýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Güneşlik önümhanasynyň halyçysy Gözel Jumadurdyýewna Pygamowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Ajy önümhanasynyň halyçysy Annabeg Annamyradowna Rozyýewa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň halyçysy Ýazjemal Abdyrahymowna Gurbanowa, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň halyçysy Maýagözel Muhommetjumaýewna Mämmetdurdyýewa. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 24-nji maýy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow