Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministrini kabul etdi
Çap edildi 20.05.2019
1012

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Aderiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkymyza eden hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýlelikde, wengriýaly hyzmatdaşlaryň döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Wengriýanyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň deňhukukly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda dürli ugurlarda tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamy, ulag, energetika toplumy, senagat hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda, özara gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrýan we netijeli işewür gatnaşyklary işjeňleşdirýän bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz hem-de myhman ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy baýlaşdyrýan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, däp bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Iki ýurduň BMG, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýär hem-de milli Liderimiziň sebitde bolşy ýaly, ählumumy möçberdäki howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän halkara başlangyçlaryny goldaýar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň üýtgewsiz erkine daýanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we onuň anyk mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Peter Santo gatnaşdy. *** Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartonyň iş saparynyň çäklerinde onuň bilen gepleşikler geçirildi. Gеpleşikleriň gün tertibine abraýly halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň köptaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-wenger gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Gepleşikleriň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky bilelikdäki mejlisini we şu ýylyň ahyrynda Wengriýada Türkmenistanyň işewürler maslahatyny geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdeleriniň dolandyrylyşy we Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Wengriýanyň Adam serişdeleri ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow