Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi
Çap edildi 24.03.2019
1194

Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda wajyp oba hojalyk mцwsümi hasaplanylýan kцpçülikleýin gowaça ekmek işine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde kesgitlän mцhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu mцwsüme biraz gijiräk — 27-nji martda başlarlar. Asylly däbe görä, ekiş möwsümine il içinde sylaglanylýan hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan Watanymyza, halkymyza, milli Liderimize abadançylyk, gülläp ösüş dileg edip, «Bismilla» bilen topraga tohum taşladylar. Soňra olar kuwwatly tehnikalara erk edýän mehanizatorlara orun berdiler. Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik, Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Geçen ýyl «ak altyn» ussatlary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan we obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere netijeli goldaw bermäge gönükdirilen öňdengörüjilikli oba syýasatynyň oňyn netijesidir. Pudakda düýpli düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde obasenagat toplumynyň düşewüntliligi artýar. Şunda obasenagat toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň, bu ulgamdaky ylmyň hem-de seçgiçiligiň ösdürilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we kämil tehnikalaryň ornaşdyrylmagyna ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýär. Pagta arassalaýjy senagat düýpli döwrebaplaşdyryldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalary guruldy. Hormatly Prezidentimiziň täze maksatnamalaýyn başlangyçlary, şol sanda daýhan birleşikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerlerde hojalygy dolandyrmagyň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak, kärende gatnaşyklary ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary hut şu wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir. Bu wezipeler geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, daýhanlaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, dänäniň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy, şeýle hem bu wajyp ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň tölegi ýokarlandy. Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Şunlukda, 1 million 50 müň tonna “ak altyn” ýygnamak bellenildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Balkan welaýatynda 5 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 295 müň tonna, Mary welaýatynda bolsa 313 müň tonna pagta hasyly ýygnalar. Mundan başga-da, 25 müň 567 gektar meýdana oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan oba hojalyk önümlerini öndüriji hususyýetçiler gowaça eker. Gowaça ekişine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden ekilýän orta süýümli gowaça tohumlary taýýarlanyldy. Şolaryň hatarynda tiz ýetişýändigi, ýokary hasyllylygy hem-de süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýan «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «C — 2606» ýaly görnüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, gowaçanyň «Ýolöten — 14» görnüşli inçe süýümli sorty Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler. Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 500-e golaýy, ekiji agregatlaryň 2 müňe golaýy, kultiwatorlaryň, boronalaryň we ekişi bökdençsiz üpjün etmek üçin zerur oba hojalyk gurallarynyň 4 müň 500-den gowragy peýdalanylar. Şeýle hem degişli agrotehniki çäreler amala aşyrylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan işi gije-gündizleýin esasda alyp barmak üçin tehnikalara hyzmat gullugy, mehanizatorlaryň, ekişe gatnaşýan beýleki hünärmenleriň netijeli işi we dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi. Täze oba hojalyk möwsümine etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si taýýarlanylýar. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we bähbitli bioönümler bilen üpjün eder. Ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Jumaguly Hekimow adyndaky daýhan birleşiginde, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginde obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösüşiniň hem-de düşewüntliliginiň üpjün edilmegine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň durnukly ösüşine gönükdirilen we oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajyp wezipelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Maslahata welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, «Daýhanbankyň», jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, pagtaçy-kärendeçiler gatnaşdylar. Onda «ak altynyň» we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly hem-de öz wagtynda geçirmek, ony ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinleri zyýan berijilerden hem-de haşal otlardan goramak babatda gürrüň edildi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda oba ýerleriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ýurdumyzyň daýhanlary üçin ýokary derejeli zähmet we durmuş şertleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar milli Liderimiziň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalaryny we bilim-tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalarynyň we ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlary pagtaçylar üçin ýörite döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.

Soňky habarlar
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
top-arrow