Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Saglygy goraýyş ulgamynda halkara maslahata taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasy habarlar
Saglygy goraýyş ulgamynda halkara maslahata taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 11.01.2019
1302

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata taýýarlyk görmäge bagyşlanylan maslahat geçirildi. Duşuşyga Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, BMG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejedäki maslahatynda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri bellenildi, şeýle hem degişli ýurtlara olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin kömek bermek boýunça meselelere garaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahaty geçirmek hakyndaky Kararynda Aşgabat forumynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, raýatlaryň ömür dowamlylygyna oňyn täsir edýän saglygy goraýyş syýasatyny dünýä döwletlerine giňden ýaýmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guralýandygy nygtalýar. Maslahatyň barşynda ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olara garşy degişli meseleleriň birnäçesi barada durlup geçildi, özara peýdaly tejribäni alyşmagyň hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen umumy tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlemegiň wajypdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ýokary derejeli maslahata dünýäniň 53 döwletinden abraýly hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Olar ýokanç däl keselleri azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek babatda toplanan tejribe barada çykyş ederler hem-de beýleki ýurtlarda ony ulanmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan başga-da, maslahata Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ştab-kwartirasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň ählisiniň, şeýle hem beýleki halkara hökümet we hökümete dahylsyz edaralaryň wekilleri gatnaşarlar. Maslahata gatnaşyjylar “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyň türkmen paýtagtynda geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda milletiň beden taýdan sagdynlygyny pugtalandyrmak we ruhy taýdan kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow