Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Mar­gia­na­nyň ga­dy­my gen­ji-ha­zy­na­sy Ýew­ro­pa­nyň jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň üns mer­ke­zin­de
Medeniýet
Mar­gia­na­nyň ga­dy­my gen­ji-ha­zy­na­sy Ýew­ro­pa­nyň jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň üns mer­ke­zin­de
Çap edildi 01.05.2018
2038

Mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz­da mun­dan dört müň ýy­la go­laý öň eme­le ge­len si­wi­li­za­si­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lan­ly­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän ýüz­ler­çe ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar ber­lin­li­le­re we bu şä­he­riň myh­man­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň örän baý me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Di­ňe bir Ger­ma­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň däl, eý­sem, dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­ri­niň mu­zeý muş­dak­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den bu ser­gi­niň açy­lan gü­nün­den bä­ri san­ly­ja gün ge­çen hem bol­sa, eý­ýäm müň­ler­çe adam onuň eks­po­zi­si­ýa­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, bu ýer­de gör­ke­zil­ýän, hal­ky­my­zyň en­çe­me asyr­lar mun­dan ozal ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni aý­dyň­lyk bi­len şöh­le­len­dir­ýän gym­mat­lyk­la­ryň tä­sin­li­gi we öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Yn­san­per­wer ul­gam­da türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­nyň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lan Ber­lin­dä­ki ser­gi ýew­ro­pa­ly­lar üçin adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ýyl ýaz­gy­sy­nyň tä­ze sa­hy­pa­la­ry­ny aç­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm wa­ka bol­dy. Özü­niň tä­sin gym­mat­lyk­la­ry bi­len hiç ki­mi bi­parh goý­ma­ýan bu öz­bo­luş­ly açy­lyş da­ba­ra­syn­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň kans­le­ri­niň me­de­ni­ýet we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­ki­li Mo­ni­ka Grýut­ter­siň bel­leý­şi ýa­ly, Mar­gia­na ta­ry­hyň örän tä­sin ýa­dy­gär­li­gi­dir. — Me­niň şeý­le ga­dy­my mi­ra­sa baý Türk­me­nis­ta­na ba­ryp gö­re­sim hem-de en­çe­me asyr­la­ryň şa­ýat­la­ry bo­lan ýa­dy­gär­lik­le­ri we gym­mat­lyk­la­ry öz göz­le­rim bi­len gö­re­sim gel­ýär. Bü­tin dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den Mar­gia­na ar­ka­ly di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hy bi­len däl, eý­sem, geo­sy­ýa­sy ba­bat­da mö­hüm orun eýe­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dur­mu­şy bi­len hem ýa­kyn­dan ta­nyş­mak bol­ýar. Ýur­du­my­zyň mer­ke­zin­de, iň ab­raý­ly mu­zeý­le­riň bi­rin­de gu­ra­lan bu ser­gi yn­san­per­wer hem-de me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne uly iter­gi be­rer. Men türk­men eks­po­zi­si­ýa­sy­nyň di­ňe bir Ger­ma­ni­ýa­da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­jek­di­gi­ne tüýs ýü­rek­den ynan­ýa­ryn. Bu ser­gi­niň Ýew­ro­pa­da il­kin­ji bo­lup, hut GFR-iň paý­tag­tyn­da gu­ra­lan­dy­gy­na buý­san­ýa­rys — di­ýip, ha­nym Mo­ni­ka Grýut­ters bel­le­di. «Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ar­heo­lo­gik ser­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Bu işe türk­men alym­la­ry, ar­heo­log­la­ry, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri we beý­le­ki hü­när­men­le­ri bi­len bir­lik­de, ne­mes ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri hem iş­jeň go­şul­dy­lar. Ola­ryň bi­ri-de Tä­ze mu­ze­ýiň baş hü­när­me­ni, Mar­gia­na ser­gi­si­niň ut­gaş­dy­ry­jy­sy, fi­lo­so­fi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry Manf­red Naw­rot­dyr. Ga­dy­my ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy öw­ren­mek hem-de ony bü­tin dün­ýä ýaý­mak ul­ga­myn­da meş­hur bo­lan bu alym dost­luk­ly ýurt­la­ryň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry bi­len ge­çi­ril­ýän ser­gi­niň gu­ra­ly­şy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di. — Ma­ňa bäş ýyl mun­dan ozal gü­neş­li Türk­me­nis­tan­da bo­lup gör­mek, Go­ňur­de­pe­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bi­len ta­nyş­mak hem-de bu ga­dy­my top­ra­gyň baý mi­ra­sy­ny öw­ren­mek üçin giň möç­ber­li iş­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi­ne göz ýe­tir­mek mi­ýes­ser et­di. Mar­gia­na bir­ma­hal­lar gül­läp ösen beý­le­ki si­wi­li­za­si­ýa­lar­dan bir­jik-de pes dur­ma­ýar. Bu ýer­de ta­py­lan ar­heo­lo­gik gym­mat­lyk­lar örän tä­sin­dir. Olar müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal bu aja­ýyp top­rak­da örän ösen si­wi­li­za­si­ýa­nyň bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Biz Go­ňur­de­pe­den ta­py­lan tä­sin gym­mat­lyk­la­ryň mu­ze­ýi­miz­de goý­lan­dy­gy­na we dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den gel­ýän ja­han­keş­de­le­re gör­ke­zil­ýän­di­gi­ne buý­san­ýa­rys we gu­wan­ýa­rys. Şu eks­po­zi­si­ýa­nyň iş­län döw­rün­de oňa di­ňe bir Ger­ma­ni­ýa­dan däl, eý­sem, dün­ýä­niň beý­le­ki köp san­ly ýurt­la­ryn­dan hem ýüz­ler­çe müň ada­myň ge­lip gör­me­gi­ne ga­raş­ýa­rys. Türk­me­nis­tan­da ga­dy­my däp­ler bi­len bir­lik­de, mil­le­tiň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik we şä­her­gur­lu­şyk ýö­rel­ge­le­ri­niň hem my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­dum. Türk­men paý­tag­ty san­ly­ja ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di, bu ýer­de gur­lan er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly köşk­ler we bi­na­lar bol­sa özü­niň gö­zel­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Umu­man, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň aja­ýyp keş­bin­de bi­na­gär­li­giň ga­dy­my däp­le­ri bi­len hä­zir­ki za­man şä­her gur­lu­şy­gy­nyň öz­bo­luş­ly ýö­rel­ge­le­ri saz­la­şyp­dyr. Bu ýer­de bi­na­gär­lik ba­bat­da öw­ren­mä­ge zat köp — di­ýip, dok­tor Manf­red Naw­rot nyg­ta­dy. Ýo­kar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, «Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çä­k­lerin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ar­heo­lo­gik ser­gi­ni gu­ra­mak üçin en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da uly iş­le­ri ge­çir­me­li bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2016-njy ýy­lyň 29-njy aw­gus­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry bol­dy. Bu sa­par däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge, türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­ny, hu­su­san-da, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam et­di. GFR bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şeý­le hem soň­ky ýyl­lar­da has iş­jeň­le­şen Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Türk­me­nis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Iki döw­le­tiň hem ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­ly­gy hem-de ta­rap­la­ryň hoş­me­ýil­li erk-is­le­gi deň­hu­kuk­ly­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ry­nyň üs­tün­li­gi­ni şert­len­dir­ýär. Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk, me­de­ni­ýet ba­bat­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň halk­la­ry­ny iki dost­luk­ly ýur­duň ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri gu­ra­mak aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gin­de türk­men hal­ky­nyň me­de­ni mi­ra­sy­ny aýaw­ly sak­la­ma­ga, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Mu­nuň çuň­ňur ma­ny­sy bar. En­çe­me asyr­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den köp san­ly ker­wen ýol­la­ry ge­çip­dir. Olar Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň halk­la­ry­nyň söw­da hem-de me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýol­la­ry bo­lup hyz­mat edip­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ra ba­ra­bar ta­ry­hy we öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nyş­ma­ga is­leg bil­di­ren köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ga­dy­my bi­na­gär­li­giň we ta­ry­hyň muş­dak­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky tä­sin mu­zeý­ler — kuw­wat­ly Par­fi­ýa döw­le­ti­niň paý­tag­ty Kö­ne Nu­saý, Ga­dy­my Merw hem-de Kö­neür­genç bi­len du­şu­şy­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar. Ine, Ber­lin­de «Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ar­heo­lo­gik ser­gi­niň gu­ral­ma­gy ga­dy­my­ýe­tiň muş­dak­la­ry­na syr­ly hem-de ga­dy­my Mar­gia­na şeý­le ge­ze­len­ji ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ga­dy­my Mar­gia­na Türk­me­nis­ta­nyň Gü­nor­ta — Gün­do­ga­ryn­da­ky ta­ry­hy land­şaft­dyr. Ol dört müň ýy­la go­laý wagt mun­dan ozal, bü­rünç eý­ýa­my­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ösen me­de­ni­ýe­ti­niň mer­ke­zi bo­lup­dyr. Bu mer­kez Me­so­po­ta­mi­ýa we Mü­sür ýa­ly si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň döw­rün­de ösen hem bol­sa, ol hä­zir­ki döw­re çen­li köp de­re­je­de mä­lim bol­man­dyr. In­di il­kin­ji ge­zek ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ryň giň möç­ber­li ser­gi­si ar­ka­ly Ýew­ro­pa­da giň köp­çü­li­gi Gün­do­ga­ryň ta­ry­hyn­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýän ga­dy­my Mar­gia­na­nyň tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di. Türk­me­nis­tan «Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ser­gi üçin ýur­du­my­zyň üç döw­let mu­ze­ýin­den — Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­den, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýin­den hem-de Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­den 220-ä go­laý gym­mat­ly­gy­ny ge­tir­di.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň BRIKS Sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
23.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.10
Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady
top-arrow