Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny giňden toýlarys.
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris. Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Bu gün Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýatlary has-da berkidilýär. Durmuşa geçirilýän bu beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijesidir. Bu taryhy işler şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Indiki wezipämiz mundan beýläk-de ýurdumyzy gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni bolsa gazanylan üstünlikleri berkitmek, wagyz etmek, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly berjaý edip bileris. Ine, hut şu işlerde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir.
Eziz watandaşlar!
Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Ýurdumyzda içeri we daşary syýasatyň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar.
Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barmak ugrunda geljekde hem amala aşyrmaly işlerimiz örän kän. Şoňa görä-de, bu mejlisimiziň dowamynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty bilen bagly möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek resminamalaryň, beýan ediljek teklipleriň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sebitde we halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda edýän tagallalary uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz tarapyndan umumadamzat bähbitli başlangyçlar we teklipler öňe sürülýär. 2025-nji ýyl biziň halkymyz hem-de dünýä halklary üçin örän wajyp taryhy seneleriň, şanly wakalaryň ýylydyr. Bu ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu şygar biziň halkymyzyň parahatçylyga we dostluga, mydama ynanyşyp ýaşaşmaga bolan islegi bilen kemala gelendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç, elbetde, halkyň ýürek sesidir, arzuw-islegidir. Halkymyzyň maksat-myrady bolsa biziň döwletimiziň ýöredýän syýasatynda öz beýanyny tapýandyr. Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyzy bu gün dünýä bileleşiginiň giňden goldaýandygy bolsa taryhy hakykatdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biziň alyp barýan işlerimiziň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny goldamaga, döwletimizde geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ýokary maýa goýum işjeňligini saklap galmaga, eksport kuwwatyny güýçlendirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ykdysady mümkinçiliklerimiz ep-esli artdy. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly ýagdaýda saklanyp galýar. Ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanly ulgamy ornaşdyrmak, şäher we oba ilatyny häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işler dowam etdirilýär.
Ýurdumyzda iş bilen üpjünçiligi has doly derejede üpjün etmek we raýatlary işe ýerleşdirmek babatda netijeli döwlet syýasaty alnyp barylýar. Raýatlara durmuş goragynyň ygtybarly kepillendirmeleri berilýär.
Merdana daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar. Ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Sebitlerimizi ösdürmek ugrunda netijeli syýasat alnyp barylýar. Täze senagat, energetika, ulag-aragatnaşyk düzümleri döredildi. Täze-täze döwrebap şäherçeler we obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berildi we bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Berkarar döwletimiziň kuwwatly binýadyny görkezýän, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäherini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam edýär. Gurluşygyň bu tapgyrynda ýene-de möhüm desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ýakyn geljekde Arkadag şäheri senagat taýdan kuwwatly şähere öwrüler.
Hormatly adamlar!
Döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň ýurdumyzyň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge hem-de ägirt uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Men «Hakyda göwheri» kitabymda ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biriniň milli buýsanç arkaly kemala gelýändigini, milli buýsanjymyzyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhynyň bardygyny beýan etdim. Milli buýsanç nesil terbiýesi üçin giň mümkinçilikleri açýan gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýaş raýatyň döwrebap bilim almagy bilen birlikde, milli buýsanç duýgusynyň kemala gelmegini gazanmagy hem öňümizde durýan örän möhüm wezipe hasap edýärin. Munuň özi ýaşlarymyzyň bilimleriniň we garaýyşlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Terbiýäniň özboluşly mekdebi bolan milli mirasymyzda Watany, topragy, zähmeti söýýän, päk ahlakly, edep-ekramly nesilleri ýetişdirmegiň ajaýyp däpleri jemlenendir.
Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Milli mirasymyz öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň jemidir. Biziň halkymyzyň dünýä taryhyndaky orny hem örän uludyr, ylym-bilime goşan goşandy çäksizdir. Geçmiş taryhymyzyň dowamynda dörän medeniýetlerimiz, ajaýyp halylarymyz, altyn-kümüş şaý-seplerimiz, ýelden ýyndam, gamyşgulak ahalteke bedewlerimiz biziň Watanymyzyň dünýä taryhyndaky tutýan ornunyň örän beýikdigini ykrar edýän aýdyň subutnamalardyr.
Medeniýet elmydama halkara syýasatda möhüm ähmiýete eýe bolup, şeýle bolmagynda hem galýar. Medeniýetleriň özara gatnaşygy medeni diplomatiýa bolmazdan mümkin däldir. Häzirki zaman dünýäsinde medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Men daşary ýurtlara amala aşyran saparlarymda medeni mirasyň nusgalyk ojagy bolan muzeýlere, ylym-bilim merkezlerine baryp görýärin. Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler bolsa halklar bilen dostluk köprülerini, doganlyk ýollaryny gurmaga ýardam berýär. Merkezi Aziýa we sebitdäki beýleki ýakyn goňşy döwletler bilen barha ösýän gatnaşyklarymyzyň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Milli miras, medeniýet we sungat, ylym-bilim uly gymmatlyklardyr. Bu gymmatlyklarda parahatçylyk dörediji güýç bar. Şunuň bilen baglylykda:
— şan-şöhrata eýe bolan meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmegi we dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagy;
— taryhy şahsyýetlerimiziň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy barada halkara ylmy-amaly maslahatlary guramagy;
— türkmen halkynyň taryhy bilen bagly çeper, dokumental filmleri döretmegi;
— şeýle hem halkymyzyň taryhyna, milli we baý edebi mirasyna bagyşlanan neşirleri taýýarlamagy teklip edýärin.
Hormatly adamlar!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlary, orta mekdepler hem-de çagalar baglary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyza hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen milli önümler bolan «Bilimli» kompýuterleri sowgat berildi. Şu ýerde Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinde, halkara bilim we sport bäsleşiklerinde eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şanly ýylyň ilkinji aýynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary — edermen ýigitlerimiz we gyzlarymyz Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda Döwlet tugumyzy belentden parladyp, Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp boldular. «Arkadag» futbol topary bolsa halkara ýaryşda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrdy. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarymyz halkara olimpiadalardan ýüzlerçe altyn, kümüş, bürünç medallary bilen ýurdumyza dolanyp geldiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine, gazanýan üstünliklerine men örän ýokary baha berýärin. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş nesillerimiz mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etmelidirler.
Eziz watandaşlar!
Magtymguly Pyragynyň: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk onuň soltanydyr» diýen dana sözleri bar. «Saglygym — begligim», «Bar zadyň sakasy — saglyk» ýaly türkmen nakyllary bar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygarymyz bar.
Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şonuň üçin biz 30 ýyl mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyryp, ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykardyk. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan saglyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy hem-de Türkmenistan onlarça halkara güwänamalara mynasyp boldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bagtyýar, sagdyn geljegimize gönükdirilendir. Biz geljekde-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegi we kämilleşdirmegi dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Ynsana hormat-sarpa goýmak, hemaýat bermek we hossarlyk etmek däplerimiz özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Ynsanperwerlik hem-de haýyr-sahawat bu gün berkarar döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň özenini düzýär. Ýurdumyzda ene-atasyndan aýra düşen we howandarlyga mätäç çagalary goldamaga uly üns berilýär. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işler örän buýsandyrýar. Bu çagalara durmuş, lukmançylyk, bilim hyzmatlarynyň berilmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýörite gözegçilige we idege mätäç çagalara dürli operasiýalar, bejergiler amala aşyrylýar. Gazna abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy bilen çagalaryň saglygynyň goragyny, abadançylygyny hemmetaraplaýyn üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede ýokary baha berilmegi ýurdumyzda howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Biz bu ugurdaky ynsanperwer işleri geljekde hem dowam etdireris. Bularyň ählisi ýurdumyzda adam saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny aýdyň görkezýär.
Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmek bolup durýar. Türkmenistan ählumumy işlere işjeň gatnaşmak we köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklaryň täze ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşant goşýar. Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem ýokary derejede geçirildi. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçen maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmekde, bu ýurtlaryň bähbitlerine gönükdirilen işleri netijeli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Halkara maslahata gatnaşyjylaryň ýokary derejeli wekilçilikli düzümi Türkmenistana bolan hormatyň nyşanydyr, ýurdumyzyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ählumumy hyzmatdaşlyga goşýan goşandynyň ykrar edilmegidir.
Eziz watandaşlar!
Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr.
Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen utgaşmagynyň çuň manysynyň bardygyny görýäris. Elbetde, munuň biziň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Sebäbi bu taryhy sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär. Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.
Biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjak çäreleriň birnäçesini meýilleşdirdik. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny ýokary derejede geçireris. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda geljekde hem halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşar.
Hormatly adamlar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösýän, adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň maksatlary beýikdir, bu beýik maksatlary amala aşyrýan halkymyz hem beýikdir. Şoňa görä-de, ähli işlerimizde diňe halkymyzyň bähbitlerinden ugur almalydyrys. Sebäbi biz halkymyzyň bähbitlerini öňe sürmegi döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri diýip hasap edýäris. Biziň alyp barýan ähli işlerimiz ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň parahat, abadan durmuşda, bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli.
Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär.
Nesip bolsa, geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawyna we ynamyna daýanyp, Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam ederis. Agzybir we yhlasly zähmetimiz bilen ata Watanymyzy gülledip ösdürip, şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak, geljek nesillerimize nusga boljak işleri durmuşa geçireris. Hormatly Prezidentimiziň berk belleýşi ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr.
Eziz watandaşlar!
Öz çykyşymy tamamlamak bilen, size hem-de mähriban halkyma berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin.