Şu gün paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Bu dabaralar Watana halal hyzmat etmekde ähli tejribelerini, bilimlerini we zehinlerini bagyş eden adamlara ýurdumyzda uly hormat-sarpa bilen garalýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy. Hut şeýle adamlar — maksada okgunly, zehinli, borjuny ak ýürekden ýerine ýetirýän, Watana peýda getirmäge ymtylýan ynsanlar ýaş nesiller üçin nusgalyk göreldedir. Zähmet ýeňişleri we gazanylan üstünlikler ykdysadyýetde, durmuş wezipelerini çözmekde, medeniýeti we sungaty, işewürligi ösdürmekde, raýatlaryň abadan durmuşyny, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde, senagatyň kuwwatyny artdyrmakda çekilen halal zähmetiň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary esasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanmakda önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle-de Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary Türkmenistanyň «Gaýrat» hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy. Şeýle-de birnäçe raýatlara Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde, «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.
Halkyň agzybirligini, bitewüligini, ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekilleriniň, «Zenan kalby» ordenine eýe bolan zenanlaryň goşantlary aýratyn bellenildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde, Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň synmaz ruhy sütünine öwrülen döredijiliginde beýan eden ynsanperwer garaýyşlaryny dünýäde wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesine Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Dabaralara gatnaşanlar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, halkymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, olar bu şatlygyny häzirki bagtyýar günümizi we nurana geljegimizi gurýan ähli ildeşlerimiz bilen paýlaşýarlar. Dabaralara gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, mundan beýläk-de ähli ukyp-başarnyklaryny Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol özgertmeler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmäge, Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilendir.
***
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmaklary, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmaklary mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan belent maksatlary, döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda döredijilik işgärleriniň uly işleri alyp barýandyklaryny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karary okaldy. Döwlet derejesinde sylaglanýan medeniýet we döredijilik işgärlerini hormatlamak dabarasy her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşlerine döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň ähmiýetini ýüze çykarýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi mizemez ruhy baýlygy gorap saklamagyň we artdyrmagyň, döredijilik işgärlerini goldamagyň hem-de höweslendirmegiň hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Şol syýasatyň mazmuny gözbaşyny türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryndan alyp gaýdýar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesinde has-da rowaçlanýar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra meşhur we ýaş ýerine ýetirijileriň — umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň oňat tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy.