07.04
2017
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylan Sport toplumy hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiligiň ýokary ösüş derejesinden habar berýär.
06.04
2017
Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň maslahaty, şeýle hem Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
05.04
2017
2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterim ýokarlandy. Senagat ulgamynda bu görkeziji 1,8 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşyk toplumynda 10,8 göterime, söwdada 10,4 göterime, oba hojalygynda 3,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,8 göterime deň boldy.
05.04
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny"" ýerine ýetirmegiň çäklerinde 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 484,1 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi.
05.04
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýagşygeldi Kakaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.
05.04
2017
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017 –nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleri 2016-njy ýylyň şol döwründäkiden 32,6 göterim köp, oba hojalyk we azyk önümleri 47 göterim artyk öndürildi.
05.04
2017
Türkmenistan şu ýylyň birinji çärýeginde elektrik energiýasynyň eksport edilişini artdyrdy. Pudagyň görkezijileri şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlaryndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanylan mejlisinde beýan edildi.
04.04
2017
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
01.04
2017
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagy, russiýaly işewürler bolsa ownuk däneli hlorly kalini (“Türkmenhimiýa” DK ) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Niderlandlardan, Singapurdan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçilere arassalanan pagta ýagy, azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşini, nah ýüplük, pagta süýümi, dikeldilen süýümi, pagta linti ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 50 million 866 müň dollaryndan gowrak boldy.
29.03
2017
Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri gowaça ekişine girişdiler. Howa ýagdaýyna görä, bu ýerde ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki garanyňda ekiş biraz gijräk başlanýar. Halkymyzyň asylly däbine görä, möhüm möwsüme hormatly ýaşulularyň ak patasy bilen başlandy. Beýik Biribardan mähriban Watanymyza, halkymyza abadançylyk, gülläp ösüş, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerine rowaçlyk dileg edip, olar ilkinji tohumlary topraga taşladylar we mehanizatorlara orun berdiler.