Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy
Çap edildi 26.08.2017
1912

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli jinsi önümleri, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, buýan köküniň ergini ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýadan, BAE, Türkiýe, Litwa, Gruziýa we Ermenistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 44 million 71 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 472 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow