Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň ýer eýeleri 30-njy awgustda pagta ýygymyna girişerler
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň ýer eýeleri 30-njy awgustda pagta ýygymyna girişerler
Çap edildi 25.08.2017
2777

Türkmenistanyň pagtaçylary şu ýylyň 30-njy awgustynda “ak altynyň” ýygymyna girişerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E.Orazgeldiýewe degişli tabşyryklary berdi. Şol gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda bolsa bir hepde soň, 6-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişiler. Hasyly kabul etmäge taýýarlaýyş nokatlarynyň 156-sy taýýar edildi, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 38-si bolsa çig maly pagta süýümine öwürmek üçin gaýtadan işlär. 2017-nji ýylda pagta öndürmegiň döwlet buýurmasy jemi 1 million 50 müň tonnadan ybaratdyr.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow