02.11
2016
Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
01.11
2016
Aşgabat-Soçi-Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
31.10
2016
Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna, milli we sebit ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ýerlerde işleriň ýagdaýyna garaldy.
31.10
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensä Italiýada gysga wagtyň içinde bolup geçen, adam pidalaryna we uly weýrançylyklara getiren köpsanly ýer titremeleri zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
31.10
2016
Aşgabat, 31-nji oktýabr /TDH/. Şu gün Mejlisde Zenanlaryň bütinhytaý federasiýasynyň başlygynyň orunbasary hanym Suý Ýuýyň baştutanlygynda Aşgabada gelen Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
27.10
2016
Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.
27.10
2016
Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Mejlisde Pakistan Yslam Respublikasynyň parlamentiniň wise-spikeri Murtaza Jawed Abbasiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk geçirildi.
27.10
2016
Aşgabat, 27-nji oktýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşi kabul etdi.
27.10
2016
Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly ýörişiň jemleri jemlenildi hem-de käbir möhüm meselelere seredildi.
27.10
2016
Aşgabat, 27-nji oktýabr /TDH/. Şu gün tutuş ýurdumyz uly joşgun bilen özüniň baş milli baýramyny—Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly belleýär.