Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Çap edildi 27.10.2016
1652

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, umumymilli baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. A. Žilkiniň belleýşi ýaly, ol öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň Astrahan oblasty bilen baglanyşdyrýan Türkmenistana ýene-de gelip görýändigine şatdyr, olar ykdysady taslamalary amala aşyrmakda, şeýle hem ynsanperwer ulgamda çalt depginler bilen ösýärler. Hormaly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz Russiýanyň sebitleri hem-de esasy senagat, bilim we medeni merkezleri bilen göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwletara türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ol häzirki döwürde täze itergä we baý mazmuna eýe boldy diýip belledi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Astrahan oblasynyň gubernatory ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary ýaly ileri tutulýan ugurlara ünsi jemlediler. Russiýaly myhmanyň belleýşi ýaly, transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, şol sanda Eýran, Owganystan, Hindistan ugurda ýollary döretmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan iri halkara taslamalary hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açýar. Şunda Astrahan oblastynyň çäginde türkmen harytlaryny Russiýanyň bazaryna çykarmak boýunça optiki-logistik merkezini açmaga, şeýle hem Aşgabadyň we Astrahayň arasynda göni uçar gatnawyny ýola goýmaga gyzyklanmanyň bardygy bellenildi. A.Žilkiniň belleýşi ýaly, bularyň hemmesi iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem Hazaryň kenarynda kemala gelýän Awaza milli syýahatçylyk zolagyny nazara almak bilen, syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmäge hyzmat eder. Duşuşygyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň bu sebitinde kowçum bolup ýaşaýyn köpsanly türkmenleri nazara almak bilen, uly ähmiýete eýe bolan medeni-ynsanperer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkäp, biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine özara ynam bildirildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow