Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi
Çap edildi 27.10.2016
1635

Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Mejlisde Pakistan Yslam Respublikasynyň parlamentiniň wise-spikeri Murtaza Jawed Abbasiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk geçirildi. Şu günler şanly senäniň hormatyna geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň gerimine haýran galandygyny aýtmak bilen, Pakistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglaryny we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, özygtyýarly ösüşiň ýolunda uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda üstünlikli ösýän döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasyny iki dostlukly halkyň taryhy-medeni däpleriniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy düzýär. Şu ýylyň martynda türkmen Lideriniň Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi sapary birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başyny başlady. Jenap Murtaza Jawed Abbasiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça köpugurly işlerinde we halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň döwletleriniň ykdysady taýdan birleşmegine ýardam etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň ägirt uly taslamasynyň, şeýle hem transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalaryň ähmiýeti bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda, oba hojalygynda, maýa goýum işinde özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, ylym,bilim gatnaşyklary we medeni alyşmalary, syýahatçylyk we sport ugry boýunça özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen bagly meselä aýratyn üns berildi. Netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýän parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn üns berildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow