Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Çap edildi 31.10.2016
1396

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensä Italiýada gysga wagtyň içinde bolup geçen, adam pidalaryna we uly weýrançylyklara getiren köpsanly ýer titremeleri zerarly çuňňur gynanç bildirdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz hatynda, bolup geçen heläkçilikler zerarly türkmen halky ýürekden gynanýar we duýgudaşlyk bildirýär diýip, şu kyn pursatda Türkmenistanyň we ähli türkmen halkynyň Italiýa hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny nygtady. Bu biziň ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyza doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. “Şu asylly ýörelgelerden ugur alýan Turkmenistan Italiýa Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy barha giňeltmäge çalyşýar. Bu gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda özara goldamagyň we ýardam bermegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Şunuň üçin Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň ähli mümkinçilikleri bar” diýlip, hatda nygtalýar. Merdana italýan halkynyň bu ýowuz kynçylyklary ýeňip geçjekdigine we ýurduň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine berk ynam bildirmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow