14.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
14.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
14.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ilýas Umahanowy hem-de Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak baradaky komitetiniň başlygy Wadim Týulpanowy kabul etdi.
14.02
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Ol Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça GDA-nyň Synçylar toparynyň baştutany hökmünde Aşgabada geldi.
13.02
2017
Ses bermeleriň jemleri Siziň ýokary syýasy abraýyňyzyň, Siziň döwlet Baştutany wezipesinde bitiren işleriňiziň giňden ykrar edilmeginiň, şeýle hem Siziň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini mundan beýläk-de berkitmäge hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyňyzyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belleýär.
13.02
2017
Geçen ýyllarda iki ýurt syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet, medeniýet we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürdiler. Siziň 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasyna bolan saparyňyzdan soňra ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşmegi möhüm ýagdaý bolup durýar.
13.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
11.02
2017
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap G.M. Berdimuhamedowa
09.02
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlarynyň geçiriljek desgalarynda hem-de täsin toplumyň beýleki desgalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Olimpiýa şäherjiginde esasy desgalaryň gurluşygy tamamlandy.
07.02
2017
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli ýurduyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.