Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikirlerini aýtdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda pikirlerini aýtdylar
Çap edildi 14.02.2017
1358

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyny mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji gezek ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde üstünlik arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki halkyň arasyndaky dostluk gutnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady hem-de Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derejesine kanagatlanma bildirip, hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany ýokary we hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna oňyn baha berip, döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de özara ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew ýöpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ornuna aýratyn üns berdiler. Şu babatda yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Olaryň barşynda taraplar netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin binýady kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar. Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Söhbetdeşler bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşmagyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem russiýaly dostlarymyzy Türkmenistanda hemişe görmäge şatdygyny belledi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklara özara ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek häsiýetiniň eýe boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk hem-de üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow