Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Hwan Gýo An Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Hwan Gýo An Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 13.02.2017
1328

Geçen ýyllarda iki ýurt syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet, medeniýet we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürdiler. Siziň 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasyna bolan saparyňyzdan soňra ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşmegi möhüm ýagdaý bolup durýar. Gyýanlydaky polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly bolmak bilen, göz öňünde tutulan möhletlerden öňe geçip alnyp barylýandygyna kanagatlanýandygymy mälim etmek isleýärin. Gaz ýataklaryny özleşdirmek, nebithimiýa we gaz infrastrukturasyny döretmek ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirjekdigimize, biziň kompaniýalarymyzyň Siziň çynlakaý üns berýän Türkmenistanyň senagatyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş boljakdygyna umyt edýärin. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlagyň mundan beýläk hem çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Size berk jan saglyk, şeýle hem Türkmenistana mundan beýläk hem gülläp ösüş arzuw edýärin.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow