Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär
Çap edildi 07.02.2017
1649

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli ýurduyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda ýokarda agzalan Rezolýusiýanyň kabul edilmegini aýratyn belläp, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetini ýene bir gezek nygtady. Bu resminamada biziň ýurdumyzyň ýigrimi ýyldan gowrak döwrüň dowamynda bu ugurda toplan tejribesiniň ykbal çözüji ähmiýeti beýan edilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şeýle hem türkmen bitaraplygynyň netijeli gatnaşyklaryň hem-de ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak maksady bilen hyzmatdaşlygyň täsirli guraly bolup, geljege gönükdirilendigi nygtalýar. Bu waka Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolandygyna şaýatlyk edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz onuň mähriban halkymyzyň parahatçylygy söýüjilik we ynsanperwerlik baradaky gadymy ýörelgelerine, köp asyrlyk ösüşiniň taryhy tejribesine we medeni däplerine esaslanýar diýip sözüni dowam etdi. Bu ýörelgeler we däpler ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu Rezolýusiýany doly goldandyklary üçin, awtordaş bolup çykyş eden ýurtlara hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlygyny mälim etdi. Biz Türkmenistanda bitaraplygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris, onuň özboluşly hukuk ýagdaýyna buýsanýarys, Bitaraplyk – biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerip gelýändigini, Bitaraplyk, parahatçylygy söýmek we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň öz daşary syýasatynyň binýatlyk esasy bolandygyny we bolup galýandygyny hemişe iş ýüzünde subut edýändigini aýtdy. Berkarar Watanymyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda we beýleki ugurlarda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Ol köptaraply daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmekde örän peýdaly bolup durýar. Biziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, energetika howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarymyz hem-de tekliplerimiz bütin dünýäde giň goldaw tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi onuň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde köptaraply diplomatiýasynyň netijeliliginiň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow