08.09
2017
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredow habar berdi.
06.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň geňeşiniň prezidenti jenap Olumuiwa Benard Aliuny kabul etdi.
06.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi.
06.09
2017
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
04.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna Alžir Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al-Maktum, Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
03.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi.
03.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa Bin Zaýed Al Nahaýan bagtyýarlyk, sagdynlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýolladylar.
01.09
2017
Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa we merkeziniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýanyň süýjüli diabet keselleri jemgyýetinden hem-de Daşky gurşaw boýunça saglygy goraýyş gaznasyndan paýtagtymyzyň täze lukmançylyk merkezine berlen ýörite güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
01.09
2017
Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täsin saglygy goraýyş taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaş bolan “Gap Inşaat” türk gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.
01.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjiistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet Baştutanymyza we türkmen halkyna berk jan saglyk, bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýolladylar.