Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi abraýly sylaglara mynasyp boldy
Syýasy habarlar
Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi abraýly sylaglara mynasyp boldy
Çap edildi 01.09.2017
1851

Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa we merkeziniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýanyň süýjüli diabet keselleri jemgyýetinden hem-de Daşky gurşaw boýunça saglygy goraýyş gaznasyndan paýtagtymyzyň täze lukmançylyk merkezine berlen ýörite güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli mübärekläp, şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilýändigini, şu mynasybetli asylly däbe görä, täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň guralýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu dabaralara beýleki ýurtlardan hem myhmanlaryň gatnaşýandygyny aýdyp, Bordo şäheriniň Uniwersitetiniň hormatly doktory hanym Eni Saskony dabara gatnaşyjylar bilen tanyşdyrdy we oňa söz berdi. Doktor Eni Sasko ýygnananlaryň öňünde eden çykyşynda lukmançylyk boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Şeýle hem ol keselleriň derejesi bilen daşky gurşawyň arasyndaky arabaglanyşyk barada aýdyp, Türkmenistanyň tebigaty, häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny goramaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi. Şeýle tagallalar dünýäniň köp ýurtlarynyň hökümetleri we jemgyýetleri üçin nusgalyk derejä eýedir. Hormatly Prezidentimiz netijeli çykyşy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Kýoln uniwersitetiniň professory, Endokrinologiýa departamentiniň ýolbaşçysy Rudolf Maýsa söz berdi. Jenap Maýs döwrebap düzümiň we dünýä ylmynyň iň gowy işläp taýýarlamalarynyň binýadynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli usulynyň döredilmegini ýurduň milli Lideriniň ýolbaşçylygynda gazanýan esasy üstünlikleriniň hatarynda görkezip, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegi, eneligi we çagalygy goramak ulgamyny ösdürmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagy, sporty wagyz etmegi onuň esasy ugurlary bolup durýandygyny nygtady. Rudolf Maýs bu babatda Türkmenistanyň syýasy jogapkärçiligiň ýokary derejesini we nusgalyk görelde görkezýändigini belledi. Dabaranyň barşynda milli Liderimize Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezine Merkezi Aziýada şeýle derejedäki hassahanalaryň iň oňat enjamlaşdyrylyşyny hem-de süýjüli diabet keseline berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň iň ýokary derejesini tassyklaýan degişli güwänamalar berildi. Milli Liderimiz jogap sözünde Nemes süýjüli diabet keselleri jemgyýetiniň we Daşky gurşaw babatda saglygy goraýyş gaznasynyň sylaglary üçin myhmanlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini gutlady
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
top-arrow