Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi
Çap edildi 03.09.2017
1888

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi. Resminamadan görnüşi ýaly, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 20-nji iýunynda çykaran 14304-nji karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» hakyndaky Türkmenistanyň TDS 562-2015 döwlet standartynda 3.2.2 kiçi bölümine şu mazmunly täze bendi goşmaly: «Uly ölçeglerdäki baýdaklarda (ini 5000 mm we şondan ýokary bolanda) Aýyň we ýyldyzyň şekillerini baýdaga dikme (aplikasiýa) usulynda ýerleşdirmäge ýol berilýär.»; 3.2.3 kiçi bölüminde: birinji bendinde «Baýdagyň esasy böleginiň gyralary 3-10 mm» diýen sözleri we sanlary «Baýdagyň gyralary 3-15 mm» diýen sözler we sanlar bilen çalşyrmaly; şu mazmunly täze bentleri goşmaly: «Baýdagyň ini 5000 mm we şondan ýokary bolanda gyralary 15-40 mm aralygynda eplenip tikilmeli. Iki gat usulynda tikilýän baýdaklarda gyralarynyň eplenip tikilmezligine ýol berilýär.»; şol döwlet standartyna A goşundynyň birinji bendinden soň, şu mazmunly täze bendi goşmaly: «Uly ölçeglerdäki baýdaklarda (ini 5000 mm we şondan ýokary bolanda) ak reňkli gyra zolaklarynyň ininiň berkligi üpjün edilen ýagdaýynda dar tikilmegine ýol berilýär.». «Uly ölçeglerdäki baýdaklarda (ini 5000 mm we şondan ýokary bolanda) ak reňkli gyra zolaklarynyň ininiň berkligi üpjün edilen ýagdaýynda dar tikilmegine ýol berilýär.».

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow