Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Çap edildi 23.09.2026
1234

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda hem-de maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, döwlet Baştutanymyz arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow