01.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Myrat Gurbandurdyýewiç Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. Häzire çenli ol Döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
01.12
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bahargül Gurbanmyradowna Abdyýewa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
30.11
2017
Hormatly Prezidentimize, Milli Olimpiýa Komitetiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajandan gelip gowşan hatda şeýle diýilýär:
30.11
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Russiýa Federasyndaky Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Gurbanmyradowiç Niýazlyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçsisi wezipesine bellenildi.
29.11
2017
Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi.
29.11
2017
Şu gün paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini dowam etdi, ol
Türkmenistanyň bu halkara guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär.
29.11
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
29.11
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiç Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.
28.11
2017
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy, şu ýyl Türkmenistan bu Konferensiýa başlyklyk edýär.
28.11
2017
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyk geçirildi, ol ýurdumyza Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin geldi.