Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz we ÝHHG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz we ÝHHG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar
Çap edildi 29.11.2017
1255

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman döwlet Baştutanymyza duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny onuň esasy ugurlarynda, hususan-da, energetika ýaly möhüm ugurda ösdürmek meselelerine türkmen tarapynyň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Halkara Energetika Hartiýasy Konferensiýasyna başlyklyk etmäge işjeň çemeleşmesi, şeýle hem Aşgabat forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu forum häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak ýolunda nobatdaky ädim bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriň, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ýurdumyzyň alyp barýan, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu gurama bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe bolup durýar. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Uly kuwwaty bolan energetika pudagynda halkara gatnaşyklaryna täze itergini bermek maksadynda tagallalary netijeli birleşdirmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunda ýurdumyzyň energiýa serişdelerini öndürmek, şeýle hem olary ibermek we sarp etmek ýaly ugurlary öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren anyk başlangyçlarynyň ähmiýeti we zerurdygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň esasynda gural ýan deňhukukly gatnaşyklar ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bitarap Türkmenistan ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmak bilen, olary tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalşyp, bu ugurda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýörelgelerine esaslanan strategiýany amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başyny başlan sebit we halkara ähmiýetli iri düzüm taslamalarynyň möhüm orny bellenildi. Daşky gurşawy goramak boýunça taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugry hökmünde görkezildi. Olaryň möhümleriniň hatarynda Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak bar. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda ileri tutulýan beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda, ulag-aragatnaşyk we beýleki birnäçe ugurlar bar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Tomas Greminger biziň ýurdumyzyň we ÝHHG-niň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem giň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn berkitmäge ýardam edip, oňyn umumydünýä özgertmelerini ösdürmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow