Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Tamas Ajan Gurbanguly Berdimuhamedowy 2018-nji ýylda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlady
Syýasy habarlar
Tamas Ajan Gurbanguly Berdimuhamedowy 2018-nji ýylda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlady
Çap edildi 30.11.2017
1609

Hormatly Prezidentimize, Milli Olimpiýa Komitetiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajandan gelip gowşan hatda şeýle diýilýär: HAF-yň adyndan iň gowy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de HAF-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2017-nji ýylyyň 26-njy noýabrynda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde bolan mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geljek ýylyň noýabrynda ajaýyp Aşgabat şäherinde guramak baradaky meýilini biragyzdan makullandygy baradaky habary kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şuguň bilen baglylykda, Halkara agyr atletika federasiýasynyň, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama gol çekildi. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynyň hem-de sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede hem-de üstünlikli guralandygy biziň ýadymyzda. Siziň ýurduňyzyň ak mermerli paýtagtynyň Olimpiýa toplumynyň ajaýyp desgalary hem-de türkmen halkynyň mähirli myhmansöýerligi bizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Pursatdan peýdalanyp, 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň Siziň ýurduňyzda guraljakdygyna ynam bildirmäge, Sizi gutlamaga hem-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň bu iri çäresini geçirmekde şowlulyk arzuw etmäge rugsat ediň. Ajaýyp ýurduňyzda sporty ösdürmäge hemişe goldaw berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Aşgabatda 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny guramakda ýene-de bir gezek uly üstünlikler arzuw edýärin.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow