10.04
2018
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisinde edaranyň işiniň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şeýle hem guramaçylyk meselelerine seredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 6-njy aprelinde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edaranyň bar bolan mümkinçiliklerini hem-de ýolbaşçylyk edýän edarasynyň kuwwatyny peýdalanmandygy üçin Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň işini berk tankyt edendigi sebäpli B.Gylyjow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy hem-de SSE-niň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.
09.04
2018
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklary berkitmek hakynda telefon söhbetdeşligi boldy.
07.04
2018
Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
07.04
2018
Şu gün Mejlisde ýurduň daşary işler ministri Li Ýon Honyň baştutanlygynda türkmen paýtagtyna gelen Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
06.04
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
06.04
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annameredow Baýram Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
05.04
2018
A.Ö.Serdarow hakynda
04.04
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsy kabul etdi.
04.04
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi.
03.04
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.