Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Çap edildi 07.04.2018
1793

Şu gün Mej­lis­de ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Li Ýon Ho­nyň baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men paý­tag­ty­na ge­len Ko­re­ýa Halk-De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Myh­man­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esasynda düýp­li öz­gert­me­ler bi­len bag­ly­lyk­da mil­li par­la­men­tiň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu baş­lan­gyç­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň häzirki ýe­ten yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň dep­gi­ni­niň has-da güýç­len­di­ril­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam ber­me­li­dir. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Mej­lis­de ka­bul edil­ýän ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry türk­men döw­le­ti­niň we jem­gy­ýe­ti­niň mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Mil­li hu­kuk ul­ga­my­ny hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da, öz ýur­du­nyň Türk­me­nis­tan bi­len dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­läp, myh­man­lar şeý­le hem par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­malydy­gy ba­ra­da­ky pi­ki­ri aýt­dy­lar. *** Şu gün Ko­re­ýa Halk-De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ka­bul edil­di. Bu ýer­de öza­ra peý­da­ly esas­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Me­de­ni mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de myh­man­lar Aş­ga­ba­dyň iri mu­zeý­le­ri­niň gym­mat­lyk­la­ry we paý­tag­ty­my­zyň beý­le­ki aja­ýyp kün­jek­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow