Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 04.04.2018
1732

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine türkmen-eston gatnaşyklaryny ösdürmäge öz diplomatik tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Söhbetdeşligiň barşynda jenap Heýti Mýaemees Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Jenap Heýti Mýaemees ýurdumyzyň iri möçberli gazananlaryna uly gyzyklanma bildirip, türkmen-eston döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi. Parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň, bu işlerde parlamentara dostluk toparlarynyň ornunyň wajypdygy nygtaldy. *** Şu gün Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Medeni maksatnamanyň çäklerinde ilçi paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki gözellikleri bilen tanşar.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow