Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegi
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegi
Çap edildi 09.04.2018
1908

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda türkmen-russiýa parlamentara gatnaşyklary berkitmek hakynda telefon söhbetdeşligi boldy. Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 47-nji mejlisine gatnaşmaga çagyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerden bolan halkara synçylaryň ýakynda biziň ýurdumyzda geçen Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary baha berendiklerini belledi. Şeýle hem soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuna eýe bolýandygy bellenildi. Döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ählitaraplaýyn berkemegine ýardam berýän yzygiderli gatnaşyklara we ýokary derejedäki duşuşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklardaky we yzygiderli esasda kanun döredijilik ulgamyndaky özara bähbitli alyş-çalyş tejribesinde özüni oňat görkezen işleri dowam etdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň ornuny belledi.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow