Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
Çap edildi 30.04.2018
2416

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Bal­kan we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy. Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar. Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar duz-çö­rek hö­dür et­di­ler. Din iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny di­leg edip, do­ga oka­dy­lar. Ýa­şu­lu­lar türk­me­nis­tan­ly­la­ryň hal-ýag­da­ýy­ny hem-de dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ýa­daw­syz ala­da­la­ry üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, berk jan sag­lyk we mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan örän uly iş­le­rin­de tä­ze aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler. Ýa­şu­lu­lar şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­zi Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ägirt uly tä­ze gur­lu­şyk bo­lan Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň öň­de bol­jak açy­ly­şy bi­len gut­lap, bu ta­ry­hy wa­ka­nyň Wa­ta­ny­my­zyň se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki wagt­da di­ňe bir ýur­du­my­zyň için­de däl, eý­sem, dün­ýä­de iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Biz “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­ny alyp ba­ryp, türk­men mil­le­ti­ne mah­sus bo­lan hem-de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ze goň­şu­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry sak­la­ma­gy wes­ýet eden pa­ra­sat­ly ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýa­rys. Şu ýy­lyň şy­ga­ry­ny biz “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýip yg­lan et­dik. Biz ulag-üs­ta­şyr ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek üçin ýur­du­myz­da uly iş­le­ri ge­çir­dik — ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­duk, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny we de­mir ýol­la­ry çek­ýä­ris. Ol ýol­lar di­ňe bir ýur­du­my­zyň içi­ne däl, eý­sem, beý­le­ki do­gan­lyk ýurt­la­ra hem çe­kil­di. Bu bol­sa gel­jek­de öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Bu ýer­de, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da, biz Ha­za­ryň ke­na­ryn­da hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän de­ňiz por­tu­ny gur­duk di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di hem-de Ha­za­ry pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň deň­zi di­ýip at­lan­dyr­ýa­rys di­ýip nyg­ta­dy. Bu dog­ru­dan hem şeý­le­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy, çün­ki bu de­ňiz por­ty di­ňe bi­ziň ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, beý­le­ki döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na hem tä­sir eder. Biz ýur­du­myz­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny giň möç­ber­de di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga gi­riş­dik, äh­li we­la­ýat­lar­da mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Bal­kan we­la­ýa­ty­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu ýer­de me­de­ni äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, has­sa­ha­na­la­ryň köp­ san­ly­sy gur­lar, şu ýyl bol­sa Awa­za­da-da tä­ze şy­pa­ha­na ulan­ma­ga ber­ler. El­bet­de, bu­la­ryň hem­me­si bi­zi has-da gu­wan­dyr­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy, ýö­ne öň­de bi­ti­ril­me­li ze­rur iş­ler has-da köp. Ýur­du­my­zy ös­dür­mä­ge de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­ri biz si­ziň bi­len Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň baý­ram edil­me­gi­niň öň ýa­nyn­da ge­çir­jek Halk mas­la­ha­ty­myz­da ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­gar as­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ry­my­zyň äh­li­si mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na we gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di hem-de ak­sa­kgal­la­ra jem­gy­ýet­de ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, aý­ra­tyn-da, ösüp gel­ýän nes­li wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek işi­ne goş­ýan go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Soň­ra mil­li Li­de­ri­mi­zi şa­dy­ýan ça­ga­lar joş­gun­ly goş­gu­la­ry we aý­dym­la­ry bi­len mü­bä­rek­le­di­ler. Şeý­le hem şu ýer­de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ryň çy­kyş­la­ry bol­dy. Olar aja­ýyp aý­dym-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, ol küşt­dep­di tan­sy­na ut­gaş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow joş­gun­ly sun­ga­ty üçin ar­tist­le­re min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky ka­bul­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow