Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 02.05.2018
1715

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (EAHF) ýolbaşçysy Babara Badaty kabul etdi, ol “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dünýä derejesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädime öwrülmäge gönükdirilen forumyň açylmagy bilen milli Liderimizi gutlady. Ulanmaga berilýän Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti barada aýdyp, EAHF-nyň ýolbaşçysy Hazarýaka sebitde möhüm logistika çatrygynyň kemala gelmeginiň ulagyň ähli görnüşlerini peýdalanmak bilen, ýük akymlaryny utgaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň geografik taýdan örän amatly ýagdaýda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedigini, bu mümkinçiligi doly derejede peýdalanmaga çalyşýandygyny nygtady. Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi onuň ähli düzüm bölekleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny öz içine alýar, halkara geçelgeleri döretmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hataryna girizildi diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman pikir alyşmalaryň barşynda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça iri taslamalaryň amala aşyrylmagy nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Ulag ulgamyny ösdürmek boýunça iri möçberli özgertmelere ýokary baha berip, Babara Badat Türkmenistanyň ýakyn geljekde örän ähmiýetli ulag-üstaşyr merkeze öwrüljekdigine ynam bildirdi, munuň özi tutuş Ýewraziýa giňişliginde döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine ýardam berer. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalarynyň möhümdigini we ähmiýetini nygtap, EAHF-nyň ýolbaşçysy özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Milli Liderimizi Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, myhman bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Babara Badat duşuşygyň ahyrynda birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin esasda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow