01.08
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žandos Asanowy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
31.07
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.
31.07
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Bathyz welaýatynyň häkimi Abdul Gafur Malikzaýdan hat gelip gowuşdy. Ol öz hatynda Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi bilen bagly demirgazyk sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
31.07
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli tutumly işleriň täze döredilýän kinossenarilerde, pýesalarda, romanlarda, powestlerde, iri göwrümli poemalarda çeper beýan edilişini hem-de olaryň kämil many-mazmunly bolmagyny gazanmak, dünýäniň taryhynda müdimilik yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň buýsançly keşbini ebedileşdirmek, ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň ruhy-medeni keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem geljekde ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda goýuljak heýkelleri, ýerleşdiriljek portretleri seçip almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
31.07
2018
Amandurdy Bekdurdyýewiç Işanowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
31.07
2018
Begenç Şadurdyýewiç Çaryýewi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellemeli.
30.07
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli maslahaty geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
27.07
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi.
27.07
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
P.H.Durdyýew hakynda
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Hommadowiç Durdyýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
27.07
2018
Iýul aýynyň başynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli Syýasy forumyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hünärmenleriň arasynda Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlarynyň ýurdumyzda milli derejede nähili uýgunlaşýandygy barada pikir alyşmalar boldy.