Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ow­gan ila­ty türk­men Li­de­ri­ne ho­şal­lyk bil­dir­ýär
Syýasy habarlar
Ow­gan ila­ty türk­men Li­de­ri­ne ho­şal­lyk bil­dir­ýär
Çap edildi 31.07.2018
1531

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ab­dul Ga­fur Ma­lik­zaý­dan hat ge­lip go­wuş­dy. Ol öz ha­tyn­da Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len bag­ly de­mir­ga­zyk se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan türk­men Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 26-njy iýul­da türk­men-ow­gan dost­lu­gy­nyň ýyl­ ýaz­gy­syn­da no­bat­da­ky sa­hy­pa­ny açan wa­ka bo­lup geç­di. Tä­ze elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam goň­şy ýur­duň dür­li we­la­ýat­la­ry­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny goş­ma­ça iber­ýän il­kin­ji des­ga bol­dy. Bu wa­ka­nyň Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na ge­len hoşallyk ha­tyn­da hem bel­le­nil­di. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­du­myz bi­len ser­het­ýa­ka we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy­nyň ha­tyn­da, hu­su­san-da, “ow­gan ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ojak­la­ry hut Si­ziň üns ber­me­gi­ňiz bi­len gur­lan, Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len, kuw­wa­ty 110 ki­lo­wolt­lyk elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň şug­la­sy bi­len nur­lan­dy” di­ýil­ýär. Hoşallyk ha­tyn­da “Si­ziň, çuň­ňur hor­mat­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ow­gan hal­ky­na do­gan­lyk we päk ýü­rek­li ga­raý­şy­ňy­zyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rü­len bu ta­ry­hy wa­ka Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ha­ky­da­syn­da he­mi­şe­lik ga­lar” diý­lip bel­le­nil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ymam­na­zar — And­hoý hem-de Ser­he­ta­bat — Hy­rat hal­ka­ra elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar bo­ýun­ça goň­şy ýur­da eý­ýäm türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň mil­lion­lar­ça ki­lo­wat-sa­ga­dy ug­ra­dyl­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ow­gan­ly sarp edi­ji­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri hem-de iş orun­la­ry­ny aç­mak üçin şert­ler dö­re­di. Ra­bat­ka­şaň — Ka­laý­nau elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň bar­şyn­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni Ow­ga­nys­ta­nyň Türk­me­nis­ta­ny öz ýa­kyn dos­ty we yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy ha­sap­la­ýar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­me­giň tä­sir­li gu­ra­ly bo­lup dur­ýan dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär di­ýip bel­le­di. Türk­me­nis­tan dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bol­mak bi­len, Ow­ga­nys­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­mi­ni ös­dür­mä­ge, bu ýurt­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň ga­za­nyl­ma­gy­na yzy­gi­der­li go­şant go­şup, di­ňe türk­men-ow­gan däl-de, eý­sem, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ni ugur edin­ýän giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ow­gan ila­ty­nyň adyn­dan ge­lip gow­şan ho­şal­lyk söz­le­ri goň­şy ýurt­da­ky ýag­da­ýy dur­nuk­laş­dyr­mak bo­ýun­ça türk­men Li­de­ri­niň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň su­but­na­ma­sy hem-de ola­ra ber­len ýo­ka­ry ba­ha bo­lup dur­ýar. OYR-nyň Bat­hyz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi ha­ty­nyň ahy­ryn­da ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de ow­gan hal­ky­na asu­da dur­mu­şy gur­mak­da be­ril­ýän gol­daw üçin çuň­ňur ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow