Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Res­mi ha­bar­lar
Syýasy habarlar
Res­mi ha­bar­lar
Çap edildi 31.07.2018
1686

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­riň tä­ze dö­re­dil­ýän ki­nos­se­na­ri­ler­de, pýe­sa­lar­da, ro­man­lar­da, po­west­ler­de, iri göw­rüm­li poe­ma­lar­da çe­per be­ýan edi­li­şi­ni hem-de ola­ryň kä­mil ma­ny-maz­mun­ly bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, dün­ýä­niň ta­ry­hyn­da mü­di­mi­lik yz gal­dy­ran be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň buý­sanç­ly keş­bi­ni ebe­di­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ilat­ly ýer­le­ri­niň ru­hy-me­de­ni keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek, şeý­le hem gel­jek­de ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da we we­la­ýat­la­ryn­da go­ýul­jak heý­kel­le­ri, ýer­leş­di­ril­jek port­ret­le­ri se­çip al­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da: Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky ki­nos­se­na­ri­le­riň, pýe­sa­la­ryň, ro­man­la­ryň, po­west­le­riň, iri göw­rüm­li poe­ma­la­ryň çe­per­çi­lik de­re­je­si­ni kes­git­le­mek ba­ra­da­ky döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi; Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da we we­la­ýat­la­ryn­da heý­kel­le­ri go­ýul­jak şah­sy­ýet­le­riň sa­na­wy­ny kes­git­le­mek we go­ýul­jak heý­kel­le­ri se­çip al­mak bo­ýun­ça döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi; Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň Ýa­dy­gär­lik­le­riň, heý­kel­le­riň, şä­her­ler­de, kö­çe­ler­de, bi­na­lar­da hem-de beý­le­ki ýer­ler­de ýer­leş­di­ril­ýän port­ret­le­riň hi­li­niň, çe­per­çi­li­gi­niň, öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň, asyl nus­ga­sy­na la­ýyk­ly­gy­nyň de­re­je­si­ni kes­git­le­ýän bi­ler­men­ler ge­ňe­şi­niň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. *** Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak, ulag top­lu­my­nyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, üs­ta­şyr ýük­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi” açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni dö­ret­mä­ge esas­lan­dy­ry­jy­lar hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 35 gö­te­rim, Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 10 gö­te­rim, Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­ne — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 5 gö­te­rim, “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy­na — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 5 gö­te­rim, De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy­na — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 10 gö­te­rim hem-de Döw­let äti­ýaç­lan­dy­ryş gu­ra­ma­sy­na — esas­lyk ma­ýa­da­ky pa­ýy 5 gö­te­rim möç­ber­de paý­ly gat­naş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­ne “Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi” açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň bel­le­nen ter­tip­de döw­let ta­ra­pyn­dan bel­li­ge alyn­ma­gy­ny üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy. *** “Aw­to­mo­bil ula­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, da­şal­ýan howp­ly ýük­le­riň aw­tou­lag­da howp­suz da­şal­ma­gy­ny, ýük­len­me­gi­ni we dü­şü­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da howp­ly ýük­le­ri aw­tou­lag­da da­şa­ma­gyň düz­gün­le­ri hem-de Türk­me­nis­tan­da aw­tou­lag­da da­şa­ma­ga rug­sat ber­len howp­ly ýük­le­riň sa­na­wy tas­syk­la­nyl­dy. Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­ne Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de şu ka­rar­dan ge­lip çyk­ýan üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri bir aý möh­let­de taý­ýar­la­mak we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne ber­mek tab­şy­ryl­dy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow