13.08
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine, şanly senelere görülýän taýýarlyk işlerine we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.
13.08
2018
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetiň agzalary!
Ilki bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirýärin.
12.08
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy.
12.08
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti tamamlanandan soň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.
12.08
2018
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Hydyrow Atajan Meredowiç gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
11.08
2018
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portuna bardy we bu ýerde işiň guralyşy bilen tanyşdy.
11.08
2018
Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 26 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dost-doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde alyp barýan jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
10.08
2018
Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň biriniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
09.08
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Saparyň maksady günbatar sebitde milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanyşmakdan ybaratdyr.
08.08
2018
Türkmenistanda ýokary derejeli myhmanhana hyzmatlaryny ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyryp, ýurdumyza gelýän myhmanlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak hem-de olara dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemäge şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.