Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň işi bi­len ta­nyş­dy
Syýasy habarlar
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň işi bi­len ta­nyş­dy
Çap edildi 11.08.2018
1895

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na bar­dy we bu ýer­de işiň gu­ra­ly­şy bi­len ta­nyş­dy. Bu iri dü­züm­le­ýin des­ga mun­dan bäş ýyl ozal düý­bü­niň tu­tul­ma­gyn­dan baş­lap, şu ýy­lyň maý aýyn­da gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy­na çen­li döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­ma­gyn­da hem-de köp­ta­rap­la­ýyn hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gin­de ýur­du­my­zyň de­ňiz der­we­ze­si­ne ägirt uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­ýär. Türk­men­ba­şy por­ty Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin stra­te­gi­k äh­mi­ýe­te eýe bolmak bilen, onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň do­ly he­re­ke­te ge­ti­ril­me­gi döw­let­le­ri­ hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na çy­kar­ýar, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň hal­ka­ra ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na, Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­myň mul­ti­mo­dal gat­naw­lar ul­ga­myn­da or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­myz ta­ry­hy tej­ri­bä da­ýan­ýar, ga­dy­my dö­wür­ler­de ýur­du­my­zyň çäk­le­ri Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi bo­lup­dyr, bu ýo­luň äh­mi­ýe­ti­niň art­dy­ryl­ma­gy­na öz döw­rün­de Merw, Kö­neür­genç, Nu­saý ýa­ly ga­dy­my türk­men şä­her­le­ri­niň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. Mu­nuň özi lo­gis­ti­ka­nyň ke­ma­la gel­me­gi­niň baş­lan­gy­jydyr. Tä­ze eý­ýam­da Türk­me­nis­tan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­red­ýär, aw­to­mo­bil we de­mir ýol, ho­wa hem-de de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ugur­la­ry­ny gi­ňeld­ýär, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, se­bit­de dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şe ýar­dam ber­ýär. Sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, mu­nuň özi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze gör­nüş­de di­kel­dil­me­gin­de ne­ti­je­li ädim­ler­dir. Şun­da gä­mi gat­naw­la­ry hem-de port ho­ja­ly­gy mö­hüm orun eýe­le­ýär, bu dü­züm­ler tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ýük da­şa­ma­gyň art­dy­ryl­ma­gy üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň döw­re­bap dü­züm­le­ri di­ňe bir hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, gel­jek­de-de ýo­ka­ry hil­li tek­lip­le­ri hem-de hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mä­ge ukyp­ly­dyr. Onuň do­ly kuw­wa­ty­na çy­ka­ryl­ma­gy wag­tyň geç­me­gi bi­len yk­lym­da ýük gat­naw­la­ry­nyň lo­gis­ti­ka bag­la­ny­şy­gyn­da stra­te­gi­ki üýt­get­me­le­re ge­ti­rer, Türk­me­nis­ta­nyň ýük ge­çi­ri­ji ter­mi­nal­la­ry has amat­ly hem-de bäh­bit­li gat­naw­lar hök­mün­de mö­hüm çat­ryk bo­lar. ... De­ňiz por­tun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň bir­nä­çe­si, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, beý­le­ki dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry gar­şy­la­dy­lar. “De­ňiz der­we­ze­si­niň” da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga ber­len gü­nün­den bä­ri üç aý geç­di hem-de hä­zir­ki wagt­da bu men­zi­liň çäk­le­rin­de joş­gun­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. De­ňiz por­tu­nyň äh­li ýük ter­mi­nal­la­ry, önüm­çi­lik en­jam­la­ry, men­zi­le bar­ýan ýol­lar do­lan­dy­ry­şyň umu­my ul­ga­my esa­syn­da bi­te­wi lo­gis­ti­ka top­lu­my eme­le ge­tir­ýär. Dag ta­ra­pyn­dan port be­ze­men hem-de ýal­pyl­da­ýan aý­na­la­ry we al­tyn öwüş­gin­li ti­mar­la­ny­şy, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­li­gi bi­len hä­zir­ki za­man şä­her­ji­gi gör­nü­şin­de se­leň­läp gö­rün­ýär. De­ňiz ta­ra­pyn­dan bol­sa por­tuň as­ma­na ta­rap gö­te­ri­len kuw­wat­ly kran­la­ry bi­len se­na­gat keş­bi açyl­ýar. Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň dü­zü­mi­ne pa­rom, ýo­lag­çy hem-de kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry, “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy, ke­nar dü­zü­mi­niň köp­san­ly beý­le­ki des­ga­la­ry, ulag üp­jün­çi­li­gi dü­züm­le­ri: es­ta­ka­da­la­ry bo­lan aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry gir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy­na bar­dy. Bi­ziň ýur­du­myz üçin düý­bün­den tä­ze bo­lan bu önüm­çi­lik gä­mi gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mek üçin bin­ýat bol­dy. Kuw­wa­ty ýyl­da 10 müň ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän za­wod döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry ulan­mak bi­len, şol döw­rüň için­de dört we on­dan hem köp gä­mi­ni gur­ma­ga hem-de 20 gä­mi­ni abat­la­mak we hyz­mat et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. He­niz za­wo­dyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar­ka Türk­me­nis­tan­da hem, ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ope­ra­tor­la­ry, ugur­daş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we okat­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler ge­çi­ril­di. Za­wod IAСS — In­ter­na­tio­nal As­soсia­tion Сlas­si­fiсation Soсie­tes (MA­KO — Hü­när sy­nag­la­ry jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy) MA­KO de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da stan­dart­la­ry we ka­da­la­ry iş­läp düz­mek we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Dün­ýä söw­da flo­tu­nyň möç­be­ri­niň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy MA­KO jem­gy­ýet­le­riniň ag­za­la­ry­na de­gişli­dir. Hä­zir­ki wagt­da “Bal­kan” za­wo­dyn­da üç gä­mi­niň abat­la­ýyş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, olar “Türk­me­nis­tan” we “Mag­tym­gu­ly” gu­ry­ ýük gä­mi­leri­dir hem-de “Bi­ta­rap” ne­bit gu­ýul­ýan tan­ker­dir. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de iş­le­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gä­mi­le­ri­ni abat­la­mak üçin hem müm­kin­çi­lik­ler bar. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myza dür­li de­re­je­li we gör­nüş­li gä­mi­le­riň şe­kil­le­ri ýerleşdirilen plan­şet­ler gör­ke­zil­di, ol gä­mi­le­ri “Bal­kan” za­wo­dyn­da gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da olar ti­gir­li aw­to­mo­bil teh­ni­ka­sy­ny, (ýük aw­to­mo­bil­le­ri­ni, tir­keg­le­ri we wa­gon­la­ry), tan­ker­le­ri, gu­ry ­ýük gä­mi­le­ri­ni, ha­las ediş, he­läk­çi­lik­le­ri ara­dan aýyr­ma­ga ni­ýet­le­nen gä­mi­le­ri we beý­le­ki­le­ri da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen RO-RO pa­rom­la­ry hem bar. Mil­li Li­de­ri­miz gä­mi­le­riň gör­nüş­le­ri we teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry bi­len tan­şyp, de­ňiz gat­naw­la­ryn­da dür­li pu­dak­lar­da bar bo­lan is­leg­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ra­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň ulag sy­ýa­sa­ty­nyň we­zi­pe­le­ri­niň ýur­du­my­zyň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek bo­ýun­ça öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni, bu we­zi­pe­le­riň ulag top­lu­my­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň de­ňiz flo­tu­nyň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, söw­da flo­tu­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm bö­le­gi, hä­zir­ki wagt­da ösü­şiň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lan ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Bu ul­gam­da örän uly kuw­wa­ta eýe bo­lan Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­ýär. Şo­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň goň­şy se­bit­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hä­zir­ki­ za­man de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, uzak gel­jek­de se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na kuw­wat­ly iter­gi ber­mä­ge, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny, Ha­zar, Ga­ra de­ňiz hem-de Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän, tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­giň keş­bi­niň esa­sy­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ulag bo­ýun­ça üç Ka­rar­na­ma­ny — 2014-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň or­ny”, “2015-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­me­giň ýo­lun­da” hem-de 2017-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak” at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di. Türk­me­nis­ta­nyň giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len hem-de äh­li ýurt­la­ryň we hal­kla­ryň düýp­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, şo­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin anyk çä­re­le­ri gör­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açyl­ma­gy şol çä­re­le­riň bi­ri­dir. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ri­len de­mir ýol pa­rom­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. De­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýük­le­riň port­da dü­şü­ri­lip gaý­ta­dan ýük­le­nil­me­gi­ni ta­lap et­me­ýän şeý­le gör­nü­şi iň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li ha­sap­la­nyl­ýar, mu­nuň peý­da­la­nyl­ma­gy bol­sa ýük­le­ri dü­şür­mek-ýük­le­mek amal­la­ry­ny ge­çir­me­giň wag­ty­ny ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz ýük­le­ri uzak ara­lyk­la­ra da­şa­mak­da ula­gyň bu gör­nü­şi­niň uly is­le­ge eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem mu­nuň özi, my­sal üçin, bi­ziň por­tu­my­zyň üs­ti bi­len deň­ze çyk­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan Öz­be­gis­tan­dan de­mir ýol dü­züm­le­ri­ni üs­ta­şyr ge­çir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow yzy­gi­der­li eks­port gat­naw­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­mak üçin gu­ry ­ýük gä­mi­le­ri­ne is­leg­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da önüm­çi­li­giň ösü­şi ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len ha­ryt­la­ryň köp gör­nüş­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ra iber­me­gi ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär hem-de de­ňiz gat­naw­la­ry söw­da ýük aky­my­nyň tä­ze ugur­la­ry­ny aç­ma­ga şert dö­red­ýär. Go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew ra­ýat go­ra­ny­şy we adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar gul­luk­la­ry­nyň işi hem-de de­ňiz­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de gä­mi­le­riň ula­ny­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow ýan­gyn sön­dü­ri­ji gä­mi­ler hem-de ka­ter­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di, bu we­zi­pe­ler gä­mi­ler­den di­ňe bir ýö­ri­te en­jam­la­ryň bol­ma­gy­ny däl-de, eý­sem, suw des­ga­la­ryn­da ýa-da ke­nar­ýa­ka zo­lak­da ýan­gyn ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da tiz­den-tiz he­re­ket et­mek üçin çe­ýe­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ta­lap ed­ýär. Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Os­ma­now gä­mi­le­riň güm­rük gö­zeg­çi­li­gi­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin peý­da­la­ny­ly­şy ba­ra­da ha­bar ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz güm­rük gul­lu­gy eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­niň we hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň, ola­ryň hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­niň ýur­du­my­zyň da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, gö­zeg­çi­lik çä­re­le­ri­niň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi­ne we çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ha­ryt­la­ryň res­mi­leş­di­ril­me­gi­ne de­giş­li hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi­ne gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Döw­let gümrük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Os­ma­no­wa hem-de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa tab­şy­ryk­la­ry ber­mek bi­len, Türk­men­ba­şy por­tun­da ýük­le­ri ýük­le­me­giň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň, mil­li söw­da flo­tu­nyň gi­ňel­dil­me­giniň Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä söw­da­syn­da­ky pa­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, da­şa­ry ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň dü­züm­le­ri­niň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de ýur­du­my­zyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­jek­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň önüm­çi­lik iş­le­ri­niň hal­ka­ra bö­lü­ni­şi­gi­niň döw­re­bap­laş­dy­ry­lan ul­ga­my­na giň­den go­şu­lyş­ma­gy­nyň hem-de ýük gat­naw­la­ry­nyň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­nyň uly göw­rüm­li ýük­le­ri da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen tä­ze gä­mi­le­riň gu­rul­ma­gy­ny ta­lap ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy, mu­nuň özi eks­por­ta ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň kö­pel­me­gi­ne kö­mek eder. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ne­bit­gaz me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňeş­çi­si Ý.Ka­ka­ýew öz çy­ky­şyn­da da­şa­ry ba­zar­la­ra ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de ne­bit­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň önüm­le­ri­ni eks­port et­mek üçin tan­ker flo­tu­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly tek­lip­le­ri aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, tan­ker­le­riň en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy ýük da­şa­mak amal­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny hem-de deň­ziň ne­bit önüm­le­ri bi­len ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­ny üp­jün et­me­li­dir. Şeý­le hem de­ňiz ýol­la­ry ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­le­ri­ni ýer­le­mek üçin tä­ze ba­zar­la­ra çyk­mak ze­rur­dyr, şol san­da po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri­ni ýer­le­me­giň çäk­le­ri gi­ňel­dil­me­li­dir. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly gä­mi­ gur­lu­şyk kär­ha­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goş­ma­ça kuw­wat be­rer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň ze­rur­dy­gy­ny hem-de iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­niň öz­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gä­mi gur­lu­şy­gyn­da hem-de de­ňiz gat­naw­la­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy. Mil­li ýo­lag­çy we söw­da flo­tu­ny di­ňe bir da­şa­ry ýurt­lar­dan sa­tyn al­ma­gyň ha­sa­by­na däl-de, ýur­du­myz­da dür­li gör­nüş­li gä­mi­le­ri gur­mak bi­len ös­dür­mek ze­rur­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Mu­nuň özi de­ňiz-der­ýa ulag­la­ry bo­ýun­ça ýük do­la­ny­şy­gy­nyň art­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň ke­nar­ýa­ka ilat­ly no­kat­la­ry­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li gat­naw­la­ryň üp­jün edil­me­gi­ne, şeý­le hem Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da gä­mi­li ge­ze­lenç­le­ri ös­dür­mä­ge ýar­dam eder. Mil­li Li­de­ri­miz bu me­se­lä­niň üs­tün­de du­rup geç­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ýo­lag­çy­la­ry we hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry üçin ka­ta­ma­ran­la­ry gur­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Beý­le­ki gä­mi­ler­den ar­tyk­maç­lyk­la­ry­nyň bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da ka­ta­ma­ran­lar bar­ha uly meş­hur­ly­ga we is­le­ge eýe bol­ýar. Mu­ňa mag­lu­mat­lar hem şa­ýat­lyk ed­ýär: dün­ýä­dä­ki äh­li ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­niň ýa­ry­sy­ny ka­ta­ma­ran­lar düz­ýär. Şo­lar uly sy­gym­ly­ly­gy, su­wa çuň çüm­me­ýän­li­gi we has ýo­ka­ry tiz­li­gi, dur­nuk­ly­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy ne­ti­je­sin­de, içer­ki we se­bi­ta­ra ýo­lag­çy gat­naw­la­ryn­da örän amat­ly ýo­lag­çy gä­mi­le­ri­dir. Mu­nuň özi ke­nar­ýa­ka et­rap­lar­da ýe­rüs­ti ula­gyň or­nu­ny tu­tup bi­ler di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gy­ýan­ly, Gy­zyl­suw we beý­le­ki ugur­lar­da bu gä­mi­le­ri gat­nat­ma­gyň müm­kin­di­gi­ni aýt­dy. Mun­dan baş­ga-da, şu­nuň ýa­ly gä­mi­ler ada­lar­da, my­sal üçin, Ogur­ja­ly ada­syn­da yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin peý­da­lan­ma­ga amat­ly­dyr. Şeý­le­lik­de, gä­mi gur­lu­şy­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi türk­men de­ňiz­ýa­ka se­bi­ti­niň di­ňe bir se­na­gat pu­da­gy­ny pug­ta­lan­dyr­man, eý­sem, bu se­bi­tiň dur­muş we ulag dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek üçin şert­le­ri dö­re­der. Awa­za şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň meş­hur­ly­gy­nyň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, ge­ze­lenç edil­ýän ýah­ta flo­tu­ny göz öňün­de tut­mak hem-de gi­ňelt­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da gä­mi­ler­de ge­ze­lenç et­mä­ge is­leg art­ýar, bu me­ýil­ler Ha­zar se­bi­tin­de hem äş­gär du­ýul­ýar we Türk­me­nis­tan bu ba­bat­da amat­ly hä­zir­ki za­man gä­mi­le­rin­de ge­ze­lenç­le­ri gu­ra­mak hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­me­li­dir. Gä­mi­ler­de ge­ze­lenç et­mek dür­li ýurt­lar we şä­her­ler bo­ýun­ça ja­han­keş­de­li­gi myh­man­ha­na­lar­da bol­maz­dan dynç al­mak hem-de ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­dan peý­da­lan­ma­gy ut­gaş­dyr­ma­gyň amat­ly usu­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da gur­lan sy­ýa­hat­çy­lyk gä­mi­le­rin­de ýo­lag­çy­lar üçin iň go­wy şert­le­ri dö­ret­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu hyz­mat­lar ka­ýu­ta­la­ry we hyz­mat­la­ry saý­lap al­ma­ga giň müm­kin­çi­li­gi, gy­zyk­ly sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de dynç alyş mak­sat­na­ma­la­ry­ny, mag­lu­mat be­riş ul­gam­la­ry­ny we beý­le­ki­le­ri öz içi­ne al­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Awa­za­nyň ös­dü­ril­me­gi hem-de beý­le­ki döw­let­ler­den ýur­du­my­za de­ňiz ýa­ka­syn­da dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da uly müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, türk­men ke­nar­ýa­ka zo­la­gy­nyň sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hem-de şy­pa­ha­na-dynç alyş, sag­ly­gy ber­kit­mek babatda hal­ka­ra mer­ke­zi hök­mün­de mun­dan beý­läk-de yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­ne ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, ýah­ta­ly ge­ze­lenç­le­ri ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Amat­ly ho­wa şert­le­ri, ke­nar ýa­ka­sy­nyň çäk­le­ri­niň uzyn­ly­gy hem-de de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­ma­gy ha­la­ýan da­şa­ry ýurt­la­ryň eko­lo­gi­ýa ba­ba­tyn­da Ha­zar gi­ňiş­li­gi­niň has aras­sa bö­le­gi­ne eýe bo­lan ýur­du­my­za gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ýah­ta­ly ge­ze­len­ji ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni şert­len­dir­ýär, şun­da gä­mi­le­ri gur­mak we abat­la­mak üçin önüm­çi­lik bin­ýa­dy­nyň bol­ma­gy mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze port «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň, oza­ly bi­len goň­şy Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­rin­den gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ýar­dam eder. Bu ýer­de dynç al­ýan­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän ka­şaň myh­man­ha­na­lar we oňaý­ly kot­tej top­lum­la­ry, döw­re­bap sport des­ga­la­ry hem-de ösen dynç alyş dü­zü­mi gar­şy alar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Awa­za­ny mun­dan beý­läk-de aba­dan­laş­dyr­mak, ony ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek hem-de amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri ber­di. De­ňiz port ho­ja­ly­gy­nyň dur­nuk­ly ösü­şin­de te­bi­ga­ty go­ra­ýyş iş­le­ri­niň örän mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ul­ga­myn­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy, şo­lar ha­pa mad­da­la­ryň dö­kül­me­gi­niň öňü­ni al­mak, bu ha­pa mad­da­la­ry ýyg­nap al­ýan ýö­ri­te­leş­di­ri­len gä­mi­le­riň do­ly taý­ýar­lyk­da dur­ma­gy ýa­ly çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çi­ri­len söh­bet­deş­li­giň jem­le­ri­ni jem­läp, ýol­baş­çy­la­ryň ün­sü­ni ýur­du­my­zyň söw­da flo­tu­nyň il­kin­ji no­bat­da­ky me­se­le­le­ri­ne, onuň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýo­lag­çy de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň hem-de gä­mi gur­lu­şy­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, Ha­zar­da gä­mi­li ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy­na çek­di, mu­nuň özi se­bi­ta­ra de­re­je­sin­de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem ýar­dam be­rer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň me­ýil­na­ma­la­ry bi­len ba­ra­bar­ly­gy­ny iç­gin sel­jer­me­gi tab­şyr­dy, mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ha­ky­ky ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek, şol bir iş­le­riň gaý­ta­lan­ma­gy­ny ara­dan aýyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we Türk­me­nis­ta­nyň ulag top­lu­my­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da ýe­ne bir ugur hök­mün­de, ha­ky­kat­dan-da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li önüm­çi­li­gi dö­ret­mek üçin ze­rur bo­lup dur­ýar. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow por­tuň çä­gi bo­ýun­ça welosipedli ge­çip, onuň äh­li des­ga­la­ry­ny hem-de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri syn­la­dy. Onuň iň iri dü­züm­le­ri­niň bi­ri kuw­wa­ty ýyl­da or­ta­ça 4 mil­lion ton­na ba­ra­bar bo­lan umu­my ýük­le­riň ter­mi­na­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de po­lip­ro­pi­len gap­la­ry­na gap­la­ny­lan 5 müň ton­na kü­kürt Ýew­ro­pa iber­mä­ge, Bol­ga­ri­ýa ugratmaga bol­sa kar­ba­mid taý­ýar­la­ny­lyp goý­lup­dyr. Ýük ter­mi­na­ly dür­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni, de­mir, po­lat, agaç, ulag­lar, en­jam­lar ýa­ly ýük­le­ri ka­bul et­mä­ge we ug­rat­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Po­lip­ro­pi­le­ni sak­la­mak we ýük­le­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len ter­mi­nal ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu önüm Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ril­ýän ne­bit önüm­le­ri­niň sa­na­wyn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ol dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar, mu­nuň şeý­le­di­gi­ne bol­sa, hu­su­san-da, Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­syn­da bag­la­şyl­ýan köp ­san­ly şert­na­ma­lar şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­men po­lip­ro­pi­le­ni­ni Ýa­po­ni­ýa, Rus­si­ýa, Tür­ki­ýe, Eý­ran, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan we beý­le­ki ýurt­lar sarp ed­ýär. Eks­port ha­ry­dy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi de­ňiz bi­len da­şal­ýar. Ür­gün ýük­ler ter­mi­na­ly dür­li çig mal se­riş­de­le­ri­ni, ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni, klin­ke­ri, de­mir mag­da­ny­ny, bok­si, al­ýu­mi­ni, köm­ri, iým­le­ri, dö­kün­le­ri, dä­nä­ni, şe­ke­ri, du­zy we beý­le­ki­le­ri ýük­le­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir, şo­la­ry sak­la­mak üçin bol­sa am­mar­lar we bun­ker­ler gu­rul­dy. Onuň ýyl­lyk kuw­wa­ty 3 mil­lion ton­na deň­dir. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyl­lyk kuw­wa­ty or­ta­ça 400 müň stan­dart kon­teý­ne­re deň bo­lan kon­teý­ner ter­mi­na­ly­ny syn­la­dy. Onuň du­ral­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy ýük gö­te­ri­ji­li­gi 5 müň ton­na deň bo­lan gä­mi­le­riň bir­ba­da üçü­sin­de ýük­le­ýiş-dü­şü­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ter­mi­nal­da Ow­ga­nys­ta­na we Öz­be­gis­tan­dan Ýew­ro­pa üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük­li kon­teý­ner­ler bar. Bu ýer­de şeý­le hem ref­ri­že­ra­tor kon­teý­ner­le­ri­ni sak­la­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Şeýle-de bu ýerde meý­da­ny 9 müň­den gow­rak ine­dör­dül met­re deň bo­lan ýa­pyk am­mar­lar bar. Bu ter­mi­nal se­bi­tiň eks­port-im­port ýük gat­naw­lar ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­ny öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Mul­ti­mo­dal lo­gis­ti­ka top­lu­my ho­wa, aw­to­mo­bil we de­mir ýol ulag­la­ry bi­len ge­ti­ri­len kon­teý­ner ýük­le­ri­ni sak­la­mak hem-de top­lum­la­ýyn iş­le­mek bo­ýun­ça hyz­mat­lar ul­ga­my­ny ama­la aşy­ryp bi­ler, şo­la­ry gä­mi­le­re ýük­le­mek we dü­şür­mek amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Kon­teý­ner ter­mi­na­ly­na gel­ýän äh­li mag­lu­mat­la­ry ope­ra­tor­la­ryň mo­ni­to­ryn­da gör­kez­ýän gö­zeg­çi­li­giň hem­ra ul­ga­my bi­len üp­jün edi­len­dir hem-de äh­li ba­bat­da CTQI (Con­tai­ner Ter­mi­nal Qua­li­ty In­dicator — kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň hil gör­ke­zi­ji­si) öl­çe­gi­ne la­ýyk­lyk­da tas­lan­dy. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da tu­tuş dün­ýä­de kon­teý­ner­le­riň do­la­ny­şy­gy çalt art­ýar, bu bol­sa kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­di. CTQI öl­çe­gi­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy hyz­mat­la­ryň bu gör­nü­şin­de bir bi­te­wi hil gö­zeg­çi­li­gi­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň esa­sy “de­ňiz der­we­ze­si­niň” hem-de flo­tu­nyň dü­zü­mi­ni ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­niň ut­ga­şyk­ly bo­lup, ne­bit­gaz, se­na­gat top­lum­la­ry­nyň, de­mir ýol ula­gy­nyň we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki pu­dak­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­la­ry, de­ňiz­ýa­ka şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi, umu­man, Ha­zar se­bi­tin­de iş­le­ýän äh­li dü­züm­ler bi­len öza­ra bag­ly­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ryň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de Ha­zar­ýa­ka se­bi­ti­ne aý­ra­tyn or­nuň de­giş­li­di­gi­ni, bu ýer­de ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, bu ýer­de mö­hüm lo­gis­ti­ka mer­ke­zi ke­ma­la gel­ýär, bu bol­sa de­ňiz, aw­to­mo­bil, de­mir ýol hem-de ho­wa ulag­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len ýük akym­la­ry­ny ut­gaş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Has ta­ky­gy, Türk­me­nis­tan örän iri hal­ka­ra lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rü­ler, bu de­re­je tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da dür­li de­re­je­dä­ki mas­la­hat­lar­da hem-de du­şu­şyk­lar­da öňe sür­len bu baş­lan­gyç­lar äh­lu­mu­my mak­sat­la­ra we bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz port top­lu­my­nyň köp ugur­ly­dy­gy­na ün­si çek­mek bi­len, onuň çyl­şy­rym­ly dü­zü­mi­niň äh­li bö­lek­le­ri­niň öza­ra amat­ly bir­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni, por­tuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lan ýe­rüs­ti lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ne aý­ra­tyn üns ber­ilme­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki za­man lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň di­ňe bir am­mar­lar hem-de ýük akym­la­ry­nyň çat­ryk­la­ry däl-de, işe­wür­lik, söw­da we ma­li­ýe mer­kez­le­rin­de bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, dür­li lo­gis­ti­ka, söw­da kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, bank­la­ryň şa­ham­ça­la­ry­nyň we beý­le­ki­le­riň we­kil­ha­na­la­ry üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­me­gi tab­şyr­dy. Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir, ne­ti­je­de bol­sa, ol mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra ber­len tab­şy­ryk­la­ry umu­my­laş­dyr­dy. Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa­sy­ny go­ra­mak üçin her bir ter­mi­nal­da bioa­ras­sa­laý­jy en­jam­lar otur­dyl­dy. Umu­man, tu­tuş tas­la­ma “Ýa­şyl port” (Green­port) hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Tä­ze de­ňiz por­tu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şyn­da ga­zy­lyp çy­ka­ry­lan top­rak Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky de­ňiz aý­la­gyn­da meý­da­ny 170 gek­tar bo­lan eme­li ada­ny dö­ret­mek üçin ula­nyl­dy. Bu ada gy­zy­lin­jik­le­riň, gaz­la­ryň, ör­dek­le­riň, hok­gar­la­ryň, go­tan­la­ryň we beý­le­ki guş­la­ryň ýa­şa­ýan, hö­würt­ge­le­ýän we gyş­la­ýan ýe­ri­ne öw­rül­di. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­li­giň gu­ral­ma­gy­na hut şeý­le, eko­lo­gik çe­me­leş­mä bi­ler­men eko­log­la­ryň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan nus­ga­lyk hök­mün­de ba­ha be­ril­di, hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Dur­nuk­ly Ösü­ş Mak­sat­la­ry ka­bul edi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da sam­mit­de çy­kyş et­mek bi­len, daş­ky gur­şaw ha­kyn­da ala­da et­mez­den, dün­ýä­niň döw­let­le­ri­niň hem-de halk­la­ry­nyň dur­muş we yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün edip bol­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Bi­ziň umu­my we­zi­pä­miz ta­kyk yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýag­daý­la­ry­ny, eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň ze­rur­ly­gy bi­len ut­gaş­dyr­mak­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan he­mi­şe beý­le­ki döw­let­ler hem-de hal­ka­ra dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy, şol san­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri ga­zy­lyp al­nan­da eko­lo­gi­ýa tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len, ne­ti­je­li go­rag teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň önüm­çi­lik işi­ne or­naş­dy­ryl­ma­gy ba­ba­tyn­da gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň ýo­lu­ny iş­jeň göz­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň usul­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa stan­dart­la­ry­nyň iň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni, de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Mu­ňa BMG-niň bio­lo­gi­ýa köp­dür­lü­li­gi ha­kyn­da­ky, çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky, ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky, ser­he­tüs­ti suw akym­la­ry­ny go­ra­mak we peý­da­lan­mak hem-de hal­ka­ra köl­le­ri bo­ýun­ça te­bi­ga­ty go­ra­ýyş kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nyl­ma­gy-da şa­ýat­lyk ed­ýär. BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy, BMG-niň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy, Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy ýa­ly hal­ka­ra dü­züm­le­ri we beý­le­ki dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­tan mil­li we se­bit de­re­je­le­rin­de eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ry­nyň hem-de tas­la­ma­la­ry­nyň on­lar­ça­sy­ny ama­la aşyr­ýar. 2030-njy ýy­la çen­li tä­ze Gün ter­ti­bi­niň 17 mak­sa­dy­nyň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mil­li mak­sat­na­ma­la­ra üs­tün­lik­li uý­gun­laş­dy­ry­lan — gö­nü­den-gö­ni te­bi­ga­ty go­ra­mak iş­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi hem-de onuň geti­ren ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş bo­ýun­ça des­sin çä­re­le­ri gör­mek, um­man­la­ryň, de­ňiz­le­riň we de­ňiz se­riş­de­le­ri­niň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy­na hem-de ola­ryň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, gu­ry­ýer eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­ne, to­kaý­lar­dan re­je­li peý­da­la­nyl­ma­ga, çöl­leş­mä­ge, ýer­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na hem-de bio­­dür­lü­li­giň ýit­mek ha­dy­sa­la­ry­ny tog­tat­ma­ga de­giş­li me­se­le­ler bar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ha­zar deň­zi­niň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň bio­dür­lü­li­gi iki ýa­rym müň gör­nüş­den gow­rak­dyr, şo­la­ryň üç­den bir bö­le­gi deň­ziň türk­men bö­le­gi­ne de­giş­li­dir. Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan Ha­zar deň­zi­niň yg­ty­bar­ly eko­lo­gi­ýa go­rag ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­me­gi, oza­ly bi­len, iň iri içer­ki, dün­ýä um­ma­nyn­dan aý­ry­baş­ga bo­lan bu deň­ziň aý­ra­tyn hu­kuk de­re­je­si bi­len şert­len­di­ri­len­dir, ol köp ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň aý­ra­tyn gör­nüş­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän ha­ky­ky te­bi­gy dür­dä­ne­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri­niň ba­ha ber­me­gi­ne we ab­raý­ly hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri­niň ne­ti­je­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi eko­lo­gi­ýa taý­dan has aras­sa ha­sap edil­ýär, mu­nuň özi bu ul­gam­da yzy­gi­der­li hem-de mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýur­du­myz­da bu ugur­da Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­re­dil­di. Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li öňe sü­rül­ýän hem-de bu tä­sin te­bi­gy suw how­da­ny­nyň örän baý se­riş­de­le­ri­niň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na, art­dy­ryl­ma­gy­na hem-de re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak bu dü­zü­miň öňün­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de öňe sür­mek bi­len, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň ul­ga­my­nyň yn­san­per­wer­leş­di­ril­me­gi­niň hem-de oňa eko­lo­gi­ýa hä­si­ýe­ti­niň be­ril­me­gi­niň, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, yn­san öm­rü­niň gym­ma­ty­nyň il­kin­ji de­re­je­li mak­sat bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eko­lo­gi­ýa baş­lan­gyç­la­ry­ny dün­ýä de­re­je­sin­de iler­let­mek bi­len, Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hyz­mat­daş­lygy üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy dö­red­ýär, özü­niň gym­mat­ly tej­ri­be­si­ni öz­leş­dir­ýär, bu tej­ri­be äh­lu­mu­my me­se­le­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ne uly go­şant bo­lar. Bu me­se­le­le­riň äh­li­si — Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­ra­mak, ulag gat­naw­la­ry, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk hem-de yn­san­per­wer ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri Ga­za­gys­ta­nyň de­ňiz ýa­ka­syn­da­ky Ak­tau şä­he­rin­de 12-nji aw­gust­da bol­jak Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tin­de ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bal­kan we­la­ýa­ty­na şu ge­zek­ki iş sa­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň bäş­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak hem-de ony ös­dür­me­giň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni öňe sür­mek bi­len, Ha­zar deň­zi­ni pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we dö­re­di­ji­lik zo­la­gy­na öwür­mek üçin anyk ädim­le­ri äd­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek gör­kez­di.

Soňky habarlar
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
09.05
Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
top-arrow