Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 08.08.2018
1558

Türkmenistanda ýokary derejeli myhmanhana hyzmatlaryny ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyryp, ýurdumyza gelýän myhmanlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak hem-de olara dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemäge şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhananyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we myhmanhanany 2021-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow