09.11
2018
Ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Türkmenistanyň bu goňşy ýurda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy üçin berýän goldawyny mundan beýläk-de dowam etmek hem-de doganlyk owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
09.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.
09.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi hem-de Balkan welaýatynyň häkiminden miwe-gök önümlerini öndürmegiň bellenilen mukdarynyň tabşyrylandygy baradaky hasabatlary kabul etdi.
08.11
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamaş Aýany kabul etdi.
07.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.
06.11
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
05.11
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine, şanly wakalara taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çärelere, şeýle hem döwletiň we jemgyýet durmuşynyň beýleki meselelerine garaldy.
02.11
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir ileri tutulýan meselelerine garaldy.
02.11
2018
Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi.
02.11
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi.