Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisi
Çap edildi 02.11.2018
1339

Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Dostlukly döwletleriň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Taraplar häzirki hereket edýän döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň netijelerini seljerdiler. Mejlisiň barşynda medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň özara meýilleri beýan edildi. Gatnaşyjy döwletler üçin syýasy, durmuş we ykdysady tarapdan möhüm uzak möhletleýin energetika taslamasy bolup durýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ähmiýeti bellenildi. Mejlisiň dowamynda iki ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde Akina stansiýasyny ösdürmek üçin demir ýol şahasyny gurmak barada Ähtnama gol çekildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow