Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 06.11.2018
1572

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Rifat Hisarjyklyogly öz ýurdunda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belledi. Şol üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ajaýyp miweleri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän dostlukly gatnaşyklaryň we taryhy-medeni ýakynlygyň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, dürli ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler. Şu babatda, Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň işiniň we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny gözläp tapmak, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän işewürler maslahatlarynyň we pudaklaýyn sergileriň yzygiderli geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türk kompaniýalarynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri hem-de düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesiniň esasynda guralýan iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow