20.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.
18.05
2019
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly senelerdir.
18.05
2019
Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
17.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
16.05
2019
Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
15.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
15.05
2019
Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn.
14.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna şu ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
13.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.
12.05
2019
11-nji maýda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň üçüsine — 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: strategik hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi.