Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara
Çap edildi 23.09.2019
1092

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Eziz ildeşler! Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýram edilýän güni mynasybetli geçirilýän bu sergide dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän eziz Watanymyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanan uly üstünlikleri giňden beýan edilýär. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi. Häzirki döwürde eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan Watany hökmünde giňden tanalýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapýar hem-de Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär. Eziz watandaşlar! Ýurdumyzda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar, olarda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, bilim-terbiýeçilik, saglygy goraýyş edaralarynyň, üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň gurlup, halkyň hyzmatyna berilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Berkarar döwletimizi mundan beýläk-de güýçli depginde ösdürip, ata Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatymyzyň amala aşýandygyny bu gün bütin dünýä biragyzdan ykrar edýär. Hormatly dabara gatnaşyjylar! Eziz ildeşler! Şöhratly geçmişimizi, buýsançly şu günümizi we ata Watanymyzyň beýik geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň mizemez esasy bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýy bilen Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň mizemezligi we pajarlap ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow