Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 20.09.2019
1004

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.

***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annaberdiýew Rejepmyrat Kakabaýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangulyýew Merdan Gurbangulyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow