11.05
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.
10.05
2019
Sizi Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Biziň umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hakyndaky röwşen ýatlamalaryň ynsanlaryň kalplarynda hemişelik saklanyp galjakdygyna ynanýaryn.
10.05
2019
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.05
2019
Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Akmämmedowiç Annaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
10.05
2019
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
10.05
2019
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda Mähriban Döwletmyradowna Gandymowany, başga işe geçmegi sebäpli, «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.
09.05
2019
Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygynyň bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
09.05
2019
Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.
09.05
2019
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir.